Aşgabatda dermanlaryň bahasy soňky alty aýda ortaça 50% gymmatlady

Aşgabatdaky dermanhanalaryň biri

Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky nyrhynyň yzygiderli ýokarlanyp, 1 amerikan dollarynyň 18-20 manada baryp ýetmegi bilen, ýurduň dermanhanalarynda dermanlaryň bahalary hem aşa gymmatlaýar.

Mundan ýarym ýyl ozalky bahalara garanyňda hem, dermanhanalardaky dermanlaryň bahalarynyň 40-50 göterim ýokarlanandygyny görmek bolýar. Bir ýyl, bir ýarym ýyl ozalky bahalar bilen deňeşdireniňde olaryň bahalary 100 göterimden hem ýokarlanandygyny bolsa, ýaşaýjylardan eşitse bolýar. Bu ýagdaýlara "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem üns çekýär.

Dollaryň gara bazardaky nyrhy 12-15 manat aralygynda bolanda, hususy dermanhanalarda 5 ampuladan durýan “Almiba” sanjym dermanynyň bahasy 142 manatdy, häzir ol 207 manatdan satylýar. 5 ampuladan durýan sanjymlyk “Panangin” dermanynyň bahasy 68 manatdy, indi onuň bahasy 119 manada barabar. “Kokarnit” sanjym dermanynyň 3 ampuladan gaplananyň bir gaby 85 manatdy, ony häzir 147 manat bahalaýarlar. “Kuka” mazy 8 manatdan 13 manada, bir gezek ulanylýan şprisler 50 teňňeden 70 teňňä çenli ýokarlandyrylypdyr.

Ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermeklerine görä, hususy dermanhanalarda dermanlaryň nyrhy her ýerde bir hili bahalanýar. Şol bir dermanyň bahasy dürli-dürli bolup, olaryň 3-4 manat aratapawut edýän ýerleri hem bar.

“Ýaşaýjylaryň dermanlary arzanrak bahalaýan dermanhanalary gözläp, 45 gradus yssyda şäheri söküp ýörenleri hem kän. Döwlete degişli dermanhanalarda bolsa, käbir dermanlaryň bahasy hususy dermanhanalardan 2-3 manat ýokary bahalanýar” diýip, 120 tabletka gaplanan “Sumaril -1” dermanynyň bahasynyň hususy dermanhanalarda 14 manat 70 teňňeden bahalanýandygyny, emma döwlete degişli 25-nji dermanhanada bu dermanyň 18 manada durýandygyny, 50 kapsula gaplanan “Pirasezin” dermanynyň hususy dermanhanalarda 42 manat, döwlete degişli dermanhanalarda 46 manat 40 teňňeden satylýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Emma munuň sebäpleri barada näsaglara maglumat berilmeýär. Hatda Türkmenistanyň özünde öndürilen dermanlaryň bahalarynyň ýokarlanýandygy barada hem ýaşaýjylara maglumat ýaýradylmaýar.

Türkmenistanyň özünde öndürilen 10 tabletka gaplanan “Trimol” dermanynyň bahasy hem soňky üç aýyň dowamynda 3 manat 30 teňňeden 6 manat 60 teňňä çenli ýokarlandy.

Ujypsyz pensiýa, aýlyga daňlyp oturan sosial taýdan goragsyz ýaşaýjylaryň özleri üçin zerur bolan dermanlary satyn alyp bilmän, kesellerini ötüşdirýänleriniň hem kändigini, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Onuň sözüne görä, saglyk ätiýaçlyk pasportyna girýän dermanlara Saglyk öýlerinde resept ýazylyp berilse-de, şol dermanlaryň köp görnüşleriniň dermanhanalarda ýokdugy aýdylýar. Şol bir dermanhananyň resept bölüminde ýok dermanyň, dermanhananyň dermanlary doly bahasyna satylýan bölüminde bardygyny hem ol belleýär.

Ony geň galdyran ýene bir ýagdaý bolsa, dört gün mundan ozal ol Aşgabadyň gije-gündiz işleýän 1-nji dermanhanasyndan damjalaýyn sanjym üçin ulanylýan “Fizrastwor” dermanyny ýeňillikli resept bilen satyn almaga baranda bolupdyr. Satyjy gyz oňa “Fizrastwor” dermanynyň eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri dermanhanalarda ýokdugyny aýdypdyr.

Ýaşaýjy näme etjegini bilmän satyjya garap, bu zerur dermany nireden tapyp boljagyny birnäçe gezek gaýtalap sorapdyr. Satyjy gyz eýläk ýöräp, beýläk ýöräp, ahyrynda, “Aý bolýarda, geregiň 5 sany flakon bolsa beräýeýin” diýip tekjäniň aşagyndan ol dermany çykaryp beripdir.

“Dermanlaryň gymmatlamagy bir ýandan, olaryň dermanhanalarda tapdyrmaýanlygy, döwlete degişli dermanhana işgärleri tarapyndan emeli gytçylygyň döredilýänligi hem bir ýandan” diýip, ýaşaýjy zeýrenýär.