Aşgabat şäheriniň protokol köçelerinde arassaçylyk işleri birkemsiz ýerine ýetirilýän wagtynda, paýtagtyň etrapçalarynyň aralary gözgyny ýagdaýda, ýagny hapaçylyk bolmagynda galýar.
Aşgabat şäherindäki ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň we ýaşaýyş jaý ulanyş trestleriniň ýerine ýetirmeli kommunal hyzmatlaryň göwnejaý ýerine ýetirilmeýändiginden, zir-zibil gutularynyň öz wagtynda arassalanmaýandygyndan ýaşaýjylar juda närazy bolýandyklaryny aýdýarlar.
Ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, tomus aýlary şäherde gawun-garpyz paçaklarynyň, öý bikeleriniň gyş üçin konserwirleýän önümleriniň atylyp bolýan zaýaçylygynyň zir-zibil gutularyna oklanmagy bilen, onuň töwereginde şireli, porsy-hapa suwlaryň akyp ýatandygyny görmek bolýar.
Gutularyň aşagynda hapa suwlaryň lagym turbalaryna akmagy üçin ýöriteleşdirilen turbalar, ýa bolmasa gutulary ýuwup, arassalamak üçin suw turbalaryny geçirmeklik göz öňünde tutulmandyr.
Zir-zibiller wagtynda aýrylsadam, gutulardan gelýän porsy ysdan ýaňa onuň golaýyndan geçer ýaly däl. Şireli hapa suwlar 100-200-metr ýaly aralyga akyp ýatyr. Ony öten geçenler, esasan bolsa köçede oýnap ýören çagalar, ötegçi awtoulaglar basyp geçýärler.
“Zir-zibil ýaşçikler sanepidstansiýa tarapyndan dezinfeksiýä edilmeýär. Şeýle zir-zibil ýaşçikleriniň çagalar baglarynyň, mekdepleriň golaýynda goýulýandygyny hem görseň bolýar” diýip, ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna gürrüň berýärler.
Köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töwereklerini, ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerini tämizlemek hem Ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň işgärleriniň ýerine ýetirmeli işleri bolsa-da, ýaşaýyş jaýlaryň daş-töwereklerini syryp-süpürýän işgärler, ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerini asla süpürmeýärler diýip, köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň biri Mähriban daýza aýdýar.
Ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň jaýlaryň daş-töweregini tämizleýän işçileriniň aýtmaklaryna görä bolsa, olary esasy işinden goýup, bir ýerde çäre geçirilse şol ýere alyp gidýärler. Ol ýerde ir ertir sagat 5-den agşam sagat 10-a çenli tämizleýiş işlerini geçirýän işçiler 1-2 günläp öz esasy iş ýerlerine gelip bilmeýärler. Şol wagtyň dowamynda bolsa jaýlaryň daş-töweregi hem aşa hapalanýar.
Şäher ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, käte awlanýan pişikleriň, pişik awulaýjylardan gaçyp, ýa özleriniň tötänlikden öýleriň howa çalyşdyrýan turbalaryna gaçyp, soňra ol ýerde ölýänleri hem kän bolýar.
“Maslygyň yzy esasan jaýyň birinji gatyndaky öýlerde duýlyp başlanýar. Ýaşaýyş jaý müdirliklerine jaň edip aýdylandan soňra hem, şol gün gelip, maslygy çykaryp, aýryp berýärler. Kähalatlarda bu çakylyga bir-iki gün geçirip gelýärler. Santehnikler işleriniň köplüginden ýetişip bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.