Aşgabadyň 'arassalanmaýan' zir-zibil gutulary

Gutularyň aşagynda hapa suwlaryň lagym turbalaryna akmagy üçin ýöriteleşdirilen turbalar, ýa bolmasa ýaşçikleri ýuwup, arassalamak üçin suw turbalaryny geçirmeklik göz öňünde tutulmandyr.

Zir-zibiller wagtynda aýrylsadam, gutulardan gelýän porsy ysdan ýaňa onuň golaýyndan geçer ýaly däl. Şireli hapa suwlar 100-200-metr ýaly aralyga akyp ýatyr.

Ony öten geçenler, esasan bolsa köçede oýnap ýören çagalar, ötegçi awtoulaglar basyp geçýärler.

“Zir-zibil gutulary sanepidstansiýa tarapyndan dezinfeksiýä edilmeýär. Şeýle zir-zibil ýaşçikleriniň çagalar baglarynyň, mekdepleriň golaýynda goýulýandygyny hem görseň bolýar” diýip, ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna gürrüň berýärler.

Ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň jaýlaryň daş-töweregini tämizleýän işçileriniň aýtmaklaryna görä bolsa, olary esasy işinden goýup, bir ýerde çäre geçirilse şol ýere alyp gidýärler. Ol ýerde ir ertir sagat 5-den agşam sagat 10-a çenli tämizleýiş işlerini geçirýän işçiler 1-2 günläp öz esasy iş ýerlerine gelip bilmeýärler. Şol wagtyň dowamynda bolsa jaýlaryň daş-töweregi hem aşa hapalanýar.

Şäher ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, käte awlanýan pişikleriň, pişik awulaýjylardan gaçyp, ýa özleriniň tötänlikden öýleriň howa çalyşdyryjy turbalaryna gaçyp, soňra ol ýerde ölýänleri hem kän bolýar.