Sagdyn durmuş wagyz edilip, maksatnamalar düzülýär; Alkogol, temmäki gadagançylygy gara bazar döredýär

Türkmanabadyň arak satylýan dükanynda duran bir adam. 2-nji aprel, 2013-nji ýyl. Arhiwden alnan surat.

Türkmen hökümeti ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak maksady bilen diýip, dürli döwlet maksatnamalaryny kabul edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan 5-nji iýulda “adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen” diýip milli strategiýa, “alkogolly içgileriň zyýanly täsriniň öňüni almak üçin”, hem-de “ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça” aýrybaşga milli maksatnamalary kabul etdi. Bularyň ählisini 2018 – 2025-nji ýyllar aralygynda berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Beýleki bir tarapdan, bu maksatnamalaryň kabul edilmegine gabatlap, iýul aýynyň başynda Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki welaýat merkezlerinde hususy dükanlarda alkogolly içgileriň satylmagyna gadagançylyk girizildi. Arak, çilim ýaly harytlaryň söwdasynyň çäklendirilmegi ilat arasynda bu harytlaryň ogryn söwdasynyň meşhurlyk gazanmagyna getirýär.

Ýurduň saglyk syýasatyndaky soňky kabul edilen maksatnamalary, şeýle-de alkogolly içgileriň hem-de temmäki önümleriniň gadagan edilmeginiň netijesinde ýüze çykýan oňaýsyz ýagdaýlar barada aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna maglumat berdi. Ol söhbetdeşligiň başynda kabul edilýän saglyk maksatnamalarynyň iş ýüzündäki netijeleri babatda şübheli garaýyşlaryny beýan etdi.

“Dildäki gürrüň bir başga, durmuşyň özi başga bir ýol. Her näçe wagyz edilýän-de bolsa, entek Türkmenistanda adamlaryň saglygy babatynda edilen işden edilmeli işleriň sany juda kän” diýip, ol belledi.

Synçy sözlerini aýdyňlaşdyryp, welaýat we etrap merkezlerinde ýerleşýän köne keselhanalary, olardaky kadr meselesini agzap geçdi. Şeýle-de, ol ýurduň saglyk syýasatynda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda goýberilen kemçiliklere, olaryň jemgyýetiň durmuşynda açan “ýaralaryna” degip geçdi:

“Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Nyýazowyň ýöreden şowakör, kütek syýasatynyň netijesinde munuň [saglyk pudagynyň] binýady tutuldy. Meselem, Nyýazow il ortalaýyn çykyş edende [güýç gulluklaryna] 5 gram tirýek [bilen tutulana] degmäň diýýärdi” diýip, ol belledi.

“Netijede 90-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap, Türkmenistan “neşebentleriň” ýurduna öwrüldi. Elbetde, ýöredilen şowakör, kütek syýasat sebäpli şeýle ýagdaý boldy” diýip, synçy Bugaýew belledi.

Geçen onýyllygyň dowamynda tirýek, geroin ýaly neşe serişdeleriň ilat arasynda giň ýaýramagynyň ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna iňňän ýaramaz täsir edendigini ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berýärler.

Synçy Bugaýew ýurtda hökümetiň çalyşmagy bilen, neşekeşligiň aradan aýrylandygyny gürrüň berdi.

Ýöne ol häzirki alnyp barylýan saglyk syýasatynyň ýokardan görkezme bilen mejbury ýerine ýetirilmeginiň oňaýsyz netijelere getirýändigini nygtady.

Synçy soňky 2-3 ýylyň dowamynda çilimiň söwdasynyň döwlet dükanlarynda gadagan edilmeginiň temmäki önümleriniň gara bazarynyň döremegine getirendigini gürrüň berdi.

“Ýasama aragyň söwdasy has gülleýär. Iýul aýynyň başlaryndan başlap, Türkmenistanda hususy eýeçilikdäki dükanlarda arak satmaklyga gadaganlyk girizildi. Döwlet eýeçiligindäki dükanlarda-da satylýan araklaryň bir-ä görnüşi azaldy, birem bahalar juda ýokary galdyrylypdyr. Gadaganlygyň girizilmegi bilen eýýäm şonuň gizlin, ogryn bazary emele geldi” diýip, Bugaýew habar berdi.

Ol munuň netijesinde ýasama alkogolly içgileriň satylýandygyny, olaryň bolsa adamlaryň saglygyna oňaýsyz täsir edýändigini, hatda bu ýagdaýyň kähalatlarda adam ýitgilerine-de getirýändigini belledi.

Ýasama alkogolly içgiden zäherlenýändigi aýdylýanlar barada ýurduň resmi metbugatynda agzalmaýar.

Türkmenistanda “Il saglygy – ýurt baýlygy” diýlen şygar astynda saglyk syýasaty ýöredilýär. Ýöne synçylar ýurduň saglyk pudagynyň nogsanlyklaryna ünsi çekýär. Ençeme türkmenistanlynyň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermeklerine görä, mümkinçiligi bolan raýatlar saglygyny bejertmek üçin daşary ýurtlara gitmegi saýlap alýar.