BMG elektron-hökümetiň netijeliligi meselesinde Türkmenistana pes baha berdi

Kompýuteriň başynda oturan bir zenan maşgala.

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we sosial meseleler baradaky departamentiniň (UN DESA) Durnukly ösüş maksatnamasy baradaky programmasynyň “Elektron-hökümete syn 2018” atly hasabatynda 193 ýurduň arasynda 147-nji orunda ýerleşdirildi.

Bu syn BMG-a agza ähli döwletlerde elektron-hökümetiň statusyna baha berýän dünýädäki ýeke-täk hasabat bolup, onda elektron-hökümetiň ulanylyşyndaky progrese, ösüşe syn edilýär.

Şu ýyl 10-njy gezek ýaýradylan hasabatda jemgyýetçilik hyzmatlarynyň üpjün edilmeginde elektron-hökümetiň netijeliligi ölçelýär hem-de elektron-hökümetiň ösüşiniň we netijeliliginiň kanuna laýyklygy kesgitlenilýär. Şeýle-de, 2001-nji ýyldan bäri çap edilýän hasabatda halkyň özüne zerur bolan maglumat elýeterliligine baha berilýär.

Türkmenistana hasabatyň “Elektron-hökümetiň ösüşi indeksi” bölüminde 0,25-den 0,50 aralygynda orta derejede, “Online hyzmat indeksi” bölüminde pes derejede, “Elektron-gatnaşyjy indeksi” bölüminde 0,25-den hem az bal berlip, pes derejede diýlip kesgitlenilen kategoriýalarda ýerleşdirildi.

BMG-niň departamentiniň "Elektron-hökümete syny" bu guramanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamasynyň bir bölegi bolup, Türkmenistan oňa 2016-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda gol goýdy. Türkmenistanyň hökümeti bu maksatnamanyň 17 sany Durnukly ösüş maksatlaryny, 148 wezipesini we 194 indikatoryny tassyklady we DÖM-i ornaşdyrmak boýunça Iş toparyny döretdi.

Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda ýurduň dürli pudaklaryny digitallaşdyrmak, elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak we “Elektron-hökümet” elektron resminamalar dolanyşygy boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy barada wagtal-wagtal habar berilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem, geçen hepde Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Sekretarynyň ykdysady we sosial meseleleri boýunça orunbasary Lýu Ženmin bilen geçiren duşuşygynda ýurduň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygy barada aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda ministrlikleriň, döwlete degişli edara-kärhanalaryň, şol sanda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň we beýleki pudaklaryň resmi websaýtlary ýygy-ýygydan täzelenmeýär.

Şeýle-de, ýurtda uçar, otly ýa-da awtobus biletlerini elektron görnüşinde satyn almak, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň, ýagny elektrik togunyň, gazyň we suwuň töleglerini elektron görnüşinde amala aşyrmak, ýagny tölemek mümkinçiligi hem häzirlikçe ýola goýulmadyk.

Mundanam başga, ýurtda döwlet derejesinde geçirilýän tender bäsleşikleri hem doly yglan edilmeýär. Hatda ýurtda ähli pudaklary, döwlet edara-kärhanalaryny özünde jemleýän we beýleki pudaklara çelgileri bolan Milli portal hem häzirlikçe döredilmedik.

Galyberse-de, ýurtda Internet we elektron ulgamlaryny ösdürmek boýunça ýygy-ýygydan gürrüň edilse-de, Türkmenistan dünýäde interneti iň ýiti çäklendirýän döwletleriň hatarynda galýar.

Belläp geçsek, ýurtda dürli pudaklaryny digitallaşdyrmak, elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak we “Elektron-hökümet” elektron resminamalar dolanyşygy

Barada Berdimuhamedow ilkinji gezek 2010-njy ýylyň 26-njy awgustynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdypdy.

Şol ýyly geçirilen hökümet maslahatlarynyň birinde: “Elektron-hökümet ulgama geçilmegi kagyz görnüşindäki resminamalaryň dolanşygyny ep-esli azaltmaga, maglumatlaryň geçişiniň we olary alyşmagyň tizligini ýokarlandyrmaga, netijede bolsa, çözgütleri kabul etmek üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga, şeýle hem işdäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berer” diýlip, türkmen lideriniň ýurduň ähli ministrliklerinde we pudak edaralarynda elektron resminamalar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça olaryň öňünde uly wezipeleri goýandygy habar berlipdi.