Türkmenistanda maýyplar üçin kanunda hödürlenýän mümkinçilikler ‘iş ýüzünde doly elýeterli däl’

Aşgabatda köçeden barýan maýyp gyzjagaz. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda synasynyň mümkinçilikleri çäkli raýatlara, ýagny maýyplara döredilýän şertler ýaramazlygynda galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa 23-nji iýulda habar berdi.

Parahat 7 etrapçasynda ýaşaýan synasynyň mümkinçilikleri 1-nji derejeden çäkli bir raýatyň sözlerine salgylanyp beren maglumatynda Azatlygyň habarçysy, etrapçada maýyplar üçin döredilýän amatly şertleriň çäklidigine mysallar arkaly ünsi çekdi.

“Jaýlary ýykylan adamlara niýetlenip [Parahat 7 etrapçasynda] gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda maýyplar üçin hiç bir amatlylyk göz öňünde tutulmandyr. Olar maýyplyk arabasy bilen öz ýaşaýan jaýlarynyň girelgesindäki 12 sany basgançagy geçmekde kynçylyk çekýärler” diýip, habarçy bu meseleden ejir çekýän gürrüňdeşiniň sözlerine salgylandy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtly söhbetdeşi, ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew hem ýurtda maýyplar üçin döredilýän mümkinçilikleriň çäklidigini tassyklap, kanun esasynda döwletiň maýyplara zerur amatly şertleri döretmäge borçludygyny, ýöne muňa garamazdan, hususan-da maýyplaryň ulag üpjünçiligini ýola goýmakda bärden gaýtmalara ýol berilýändigini nygtady.

Synçy “Türkmenistanyň ulag syýasaty” boýunça 16-njy iýunda güýje giren kanunçylygyň degişli maddalaryna salgylanyp, Türkmenistandaky jemgyýetçilik transport serişdelerinde kanun esasynda maýyplar üçin ýörite döredilmeli şertleri belläp geçdi.

“Kanunyň 7-nji maddasynyň 6-njy bendinde şeýle ýazylýar: “Maýyplygy bolan adamlar üçin elýeterli ulag gurşawyny döretmek” diýlip ýazylýar. Edil şeýle madda, şeýle bend agzaýan kanunymyzyň 14-nji maddasynyň 9-njy bendinde-de tas sözme-söz gaýtalanýar. Bu kanunyň kabul edilmegi gowy zat, maýyplaryň aladasyny etmek hakyndaky bu kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gelip çykýan kanun, sebäbi Türkmenistan sosial ýurt hasaplanýar, özüniň raýatlaryny sosial taýdan goramagy, olaryň sosial taýdan üpjünçiligini öz boýnuna alýan döwlet” diýip, synçy Bugaýew belledi.

Ol, muňa garamazdan, ýurtda kanunlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeýän halatlarynyň has giň ýaýrandygyny nygtap, maýyplar babatynda kanunda agzalýan talabyň hem amal edilmeýändigini belledi.

“Her näçe gynandyryjam bolsa Türkmenistanda maýyp adamlaryň ulanmagy göz öňünde tutulan ýekeje-de awtobus ýok. Men ýolagçy awtobuslaryny göz öňünde tutýaryn” diýip, Bugaýew belledi.

Ol resmi metbugatyň habarlaryna salgylanyp, geçen sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna gabatlap Türkmenistanyň 640 sany täze ýolagçy awtobusyny satyn alandygyny, şolaryň hatarynda maýyplar üçin niýetlenen 4 sany awtobusyň hem Aşgabada getirilendigini, ýöne paýtagtyň ýaşaýjylarynyň bu dört ulagyň hözirini görüp bilmändigini gürrüň berdi.

“Soňky salnan “elitny” diýilýän kaşaň jaýlaryň käbirinde maýyplaryň girelgelerden girip çykmagy üçin, lifte münmegi üçin käbir oňaýlyklar göz öňünde tutulan, ýöne beýleki jaýlarda, elitny diýilýän kaşaň jaýlardan galan jaýlaryň hiç birinde şu ýagdaý ýok. Ýogsam bolmasa, şu ýagdaý bilinmeýän ýagdaý däl. Muny wagtal-wagtal Türkmenistanyň hökümet mejlisinde ýylda bir gezek, iki ýyldan bir gezek “maýyplara seretmeli, olara mümkinçilik döretmeli” diýip agzaýarlar” diýip, synçy belledi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa Parahat 7 etrapçasynda ýaşaýan maýybyň hereket mümkinçilikleri bilen bagly ýaşaýyş jaýynyň girelgesinde duçar bolýan päsgelçilikli kynçylyklary barada gürrüňe dowam edip: “Ol jaýlaryň girelgesinde panduslar ýok. Oňa jaýa girmekde hem, jaýdan çykmakda hem, her gezek goňşular arabasyny göterip, kömek edýärler. Ýöne şeýle kömegi berip bilýän goňşy-golamyň hem käte öýünde bolmaýan wagtlary bolýar” diýdi.