Berdimuhamedowyň garyndaşy biletli ýolagçylary uçarlaryndan düşürdip, diňe özi uçdy

Lebapda "Türkmenhowaýollarynyň" bir uçary ýolagçylaryna garaşýar. 12-nji oktýabr, 2013-nji ýyl. Arhiwden alnan surat

Takmynan 1 aý mundan ozal, Berdimuhamedowyň ýakyn garyndaşy we onuň maşgala agzalary Türkmenabat-Aşgabat arasynda gatnaýan bir uçary tutuşlygyna ýapdyryp, onda diňe özleri uçýar. Häkimiýetler bu reýsde uçmaly 160-dan gowrak ýolagçynyň ählisini uçardan düşürýär. Berdimuhamedowyň uçar ýapdyran garyndaşlary Köýtendaga syýahata baryp, şondan yzyna, Aşgabada dolanýan ekeni. Bu barada Azatlygyň biri-birinden garaşsyz çeşmeleri habar berdi.

Читайте также на русском

Azatlygyň çeşmesi Lebap welaýatynyň aeroportyndaky howa gatnawlaryndan jogapkär bir işgäre salgylanyp beren maglumatynda giňişleýin gürrüň berdi:

“Waka mundan bir aý çemesi ozal bolupdyr. Prezidentiň ýakyn garyndaşy, tutuş maşgalasy bilen, Köýtendaga 4 günlügine ýörite uçarda dynç alşa barypdyr. Haçan-da yzlaryna dolanmakçy bolanlarynda, ýörite uçar wagtynda gelmänsoň, adaty uçuşy ýerine ýetirýän ýolagçy uçaryň ýolagçylaryny uçurman, prezidentiň garyndaşynyň tutuş maşgalasyny uçuryp goýberipdirler. Ýolagçylara-da hiç hili düşündiriş berilmändir” diýip, çeşme belledi.

Köýtendag etraby Lebap welaýatynda ýerleşýär. Ol syýahatçylar üçin gelim-gidimli ýerleriň biri hasaplanýar.

Çeşmäniň sözlerine görä, prezidentiň ýakyn garyndaşlary döwlet myhmanhanasynda düşleýär. Olar Türkmenabadyň aeroportundan Köýtendaga harby bolmadyk dik uçarda iberilýär; gaýdýançalar etrabyň çäginde raýatlaryň hereketi çäklendirilýär, polisiýa berk gözegçiligi ýola goýýar.

Azatlygyň ýagdaýdan habarly ikinji çeşmesi “uçar galmagaly” barada has giňişleýin gürrüň berdi:

“Üç hepde çemesi mundan öň Lebapdan Aşgabada uçmaly reýsiň 160-dan gowrak ýolagçysy uçardan düşürilýär. Ol uçary prezidentiň garyndaşlary tutuş ýapdyryp, diňe özleri uçup gaýdýar. Reýsden ýolagçylary düşürmände-de, uçarda şolara ýeterlik orun bardy. Muňa garamazdan, hemmäni uçardan düşürtdiler” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, uçardan düşürilen ýolagçylar bu ýagdaýa nägilelik bildirýär. Olar Türkmenabadyň aeroportunyň başlygyna jem bolup, şikaýat bilen arz edýärler:

“Aeroportuň başlygy merkeze (Türkmenhowaýollarynyň baş edarasyna – red.) jaň edýär, ýöne merkezdäkiler-de raýatlary kanagatlandyrýan jogap berip bilmeýär. [Uçardan düşürilen ýolagçylara] ertire çenli garaşmak tabşyrylýar” diýip, çeşme belledi.

Şondan soň aeroportda aç-açan nägilelik başlaýar. Howa menziliniň howpsuzlyk işgärleri dawanyň ula ýazjagyny aňyp, täzeden merkeze çykyp, şol gün üçin goşmaça uçar goýberilmegini soraýar, ýöne olaryň haýyşy-da netije bermeýär.

“Şeýlelikde, uçardan düşürilen ýolagçylar Lebapdan Aşgabada ertesi güni uçýar, zerur işi bolanlar Aşgabada taksili gaýdýar” diýip, çeşme belledi.

Prezident Berdimuhamedowyň dogan-garyndaşlary we beýleki maşgala agzalary hakynda jemgyýetçilige elýeterli maglumat köp däl. Wagtal-wagtal döwlet telewideniýesinde onuň agtyklary we beýleki käbir maşgala agzalary bilen düşen wideolary köpçülige görkezilýär. Ýöne soňky döwürde onuň ogly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň syýasy sahnasynda has işjeň rol oýnap başlady. Ol martda geçirilen iň soňky parlament saýlawlarynda deputatlyga saýlanansoň, yzýany Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Ondan daşgary Serdar Berdimuhamedow soňky döwürlerde has-da ýygy-ýygydan Türkmenistanyň adyndan daşary ýurtlara sapar edip, halkara derejesindäki ýygnaklarda türkmen wekiliýetine baştutanlyk edýär.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheri bolup, ol Aşgabatdan 600 kilometr çemesi aradaşlykda ýerleşýär.

Köýtendagda tebigy goraghanalar, dag gerişleri, gowaklar, ýylysuw çeşmeleri, şeýle-de Türkmenistanyň 3200 metrlik iň belent Aýrybaba belentligi, dag gaýalarynyň ýüzünde 150 million ýyllyk dinozawrlaryň aýak yz galyndylary ýerleşýär.