Aşgabatda baglar guraýar

Ýöne görer gözden daşrak, dag gerişlerinde, baýyrlarda, esasan-da, Aşgabadyň demirgazyk çöllük böleginde ekilýän agaç nahallarynyň her ýylda üçden birisi hem düýp tutmaýar. Sebäbi suw ýetenok. Suw bolmadyk ýerde bolsa, arça agaçlarynyň asla kök urup bilmeýändigini, ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda kabul eden kararyna laýyklykda, ýurdy bagy-bossanlyga büremek kampaniýasynyň çäginde, şu ýyl ýazda we güýzde 3 million düýp nahal oturdylýar.

Bu bag ekişligiň ýazky tapgyry Nowruz baýramynyň öňýanynda amala aşyrylyp, bu çäräniň çäginde ýüz müňlerçe agaç nahaly oturdyldy.

Emma ýerli ýaşaýjylar şol ekilýän agaçlaryň aglabasynyň guraýandygyny we her ýyl bag ekmek möwsüminde şol bir ýerlere gaýta-gaýta täzeden agaç nahallarynyň oturdylýandygyny aýdýarlar.

Baglaryň guramagynyň esasy sebäbi suw ýetmezçiligi bolup durýar. Magistral ýollaryň ýakalaryna, göze görnüp duran ýerlere ekilýän baglara ideg edilýär. Şolaryň arasynda hem gurap gidýänlerini görse bolýar diýip, Azatlygyň habarçylary we ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmen bazarlarynda esasan daşary ýurtlardan import edilen miweleriň satylýandygyna garamazdan, TDH döwlet habar gullugy ýurtda her ýyl millionlarça düýp agaç nahalynyň, şol sanda miweli baglaryň hem köp ekilýändigini habar berýär.