Türkmenistan ikinji gezek pudagara topar döredip, “azyk bolçulygyny” üpjün etmäge synanyşýar

"Mir bazaryndan" bir pursat (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady gowuşgynsyzlygyň hem-de azyk ýetmezçiliginiň fonunda, türkmen hökümeti ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýene-de bir pudagara topar döretmek barada karar kabul etdi. Bu barada “Trend” täzelikler gullugy Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” telekanalyna salgylanyp habar berýär.

Geň ýeri, türkmen hökümeti mundan ozal-da, has takygy geçen dekabr aýynda-da, ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen diýip pudagara topar döredipdi.

Azyk harytlaryň üpjünçiligi we bolçulygy babatda birinji pudagara toparyň döredilmeginden bary-ýogy 7 aý geçensoň ikinji gezek birmeňzeş pudagara topar döretmegiň iş ýüzündäki netijeleriniň gümürtikligine garamazdan, hökümet yzly-yzyna pudagara topar döretmek bilen meşgul bolýar.

8-nji dekabrda TDH Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen döredilendigi aýdylýan komissiýa barada habar berdi.

Deňeşdirmek maksady bilen, TDH-niň dekabrda çap eden degişli maglumatyny bolşy ýaly hödürleýäris:

“Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda azyk harytlarynyň bolçulygyny has-da artdyrmak, içerki bazary giň görnüşli, ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy”

Indi, TDH-niň azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen döredilen topar barada 5-nji iýulda hödürlän maglumatyna bolşy ýaly salgylanýarys:

“Ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmak, bahalaryň durnuklylygyna gündelik gözegçiligi amala aşyrmak, azyk önümleriniň eksportyny we importyny kadalaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Pudagara topary döretmek hakyndaky Karara gol çekdi”

Görnüşi ýaly, dekabrda döredilen pudagara topar bilen iýul aýynda döredilen pudagara toparyň ikisi-de “ýurtda azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmagy” maksat edinýär. Türkmenistany yzarlaýan synçylar häzir, bir maksat üçin iki gezek aýrybaşga pudagara topar döretmegiň manysyna düşünmäge synanyşýar.

Galyberse-de, diňe pudagara topar döredip, ýurtda azyk harytlarynyň üpjünçiligini gazanmagyň netijeliligi sorag astynda galýar.

Birinji döredilen pudagara toparyň eden işleri jemgyýetçilige nämälim wagty, ikinji gezek şol bir pudagara toparyň döredilmeginiň fonunda, ýurtdan azyk-haryt ýetmezçiligi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Ýatlasak, azyk bolçulygy barada dekabr aýynda pudagara toparyň döredilmeginden soň, Türkmenistandaky krizisiň alamatlary has-da ýitileşdi, gytalýan we gymmatlaýan harytlar barada peýda bolýan maglumatlaryň yzy üzülmedi.

Indi, azyk bolçulygyny gazanmak üçin ikinji gezek pudagara topar döredilýär. Bu sapar, toparyň ikinji gezek döredilmeginden sanlyja gün soň, TDH “ýurtda azyk bolçulygy höküm sürýär” diýip, kolbasalaryň, süýt önümleriniň, dürli görnüşdäki gatyklaryň, süzmeleriň, peýnirleriň, mürepbeleriň, miwe suwlarynyň, hem-de gaplara gaplanan dürli ir-iýmişleriň ýokary hilli suratlaryny okyjylaryna hödürleýär.

Beýleki bir tarapdan Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy düýn ýetiren maglumatynda bahasy yzygiderli gymmatlaýan azyk harytlary barada maglumat berdi.

“Häzirki wagtda dişine et degmeýän, süýji degmeýän maşgalalar bar. Dermanhanalarda dermanlar gytalyp, gymmatlaýar; ýaramlylyk möhleti geçen dermanlar satylýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdi.

Ýöne döwlet mediasy bu habarlary gytaklaýyn inkär edýär, aýak aldygyna azyk-harytlardan doldurylan tekjeleriň suratlaryny we wideolaryny okyjydyr tomaşaçylaryna ýetirýär.

Döwletiň gös-göni eýeçiligindäki habar serişdeleri bilen bir hatarda hökümete ýakyn maglumat serişdeleri hem “azyk bolçulygy” barada taýýarlaýan maglumatlarynyň depginini güýçlendirýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde “The Economist” neşiriniň Gündogar Ýewropa boýunça synçysy Maksimillien Lambertson Türkmenistanda häzirki ýagdaýy saklamak üçin häkimiýetleriň has-da awtoritarlaşmagynyň ahmaldygyny çaklady:

“Ýurtda häzirki [syýasy] ýagdaýy saklamak üçin [Türkmenistanda] häkimiýetler has-da awtoritarlaşar, ýiti çäklendirmeleri girizerler. Bu soňky iki ýylyň dowamynda şeýle-de bolýar” diýip, Lambertson belledi.

Türkmen resmileri özleri barada ýaýraýan habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.