Aşgabatlylar yssy howadan ‘kösenýärler’

Bir aýal maşgala saýawan bilen günden goranýar.

Türkmenistanda şu günler aşa yssy howa dowam edýär. Howanyň derejesiniň kölegede 45 gradusdan ýokarydygyny, günüň aşagynda bu gyzgynlygyň 50 gradusdan hem geçýändigini görse bolýar.

Şeýle gyzgyn howaly günlerde, geçen ýyllarda Aşgabadyň köp ýylky ösüp oturan saýaly agaçlary çapylyp, giňeldilen köçelerinden ýöremeli bolýan ýaşaýjylaryň köpüsinde günden goraýan saýawanlaryň, köpüsinde bolsa başlaryna atylan ak ýaglyklaryň bardygyny, nähilidir bir ýol bilen özüňi günden goramasaň, günüň aşagynda köçelerden ýörär ýaly däldigini, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şäheriň ýaşaýjylarynyň jemgyýetçilik awtoulaglaryndan peýdalanmaly bolýan böleginiň ir ertirden günüň dogandaky gyzgynlygyna hem çydam etmän, köçeleriň ugrunda gurlan awtobus duralgalarynyň ýeňse taraplaryna geçip durýandyklaryny, ýa bolmasa awtobus duralgalarynyň golaýlarynda bar bolan baglaryň, jaýlaryň kölegelerinde günden goranyp, awtobusyň gelerine garaşmaly bolýandyklaryny hem, her gün bu ýagdaýlara syn edýän aşgabatly ýaşaýjy Gülnabat daýza aýdýar.

Aşgabatlylar yssydan goranýarlar

Gülnabat daýzanyň aýtmagyna görä, şäherde bar bolan awtobus duralgalary hem şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň bölünişigine görä goýulypdyr. Şäheriň elita atlandyrylýan raýonlaryndaky awtobus duralgalary sensor gapyly, içi sowadyjyly hem telewizorly duralgalar bolup, şäheriň Parahat-7 etrapçasynyň çäginden geçýän awtobus gatnawlarynyň ugrunda ilat üçin gurlan awtobus duralgalary ýönekeý duralgalar bolup, günüň düşýän wagty ol awtobus duralgalarynyň aşagyna girip bolmaýar.

Duralganyň aşagy dymyk, günüň gyzgyny ýakyp barýar. Ýolagçylar awtobus duralgalarynyň gün düşmeýän ýeňse taraplaryna geçip, awtobusa garaşýarlar. Golaý-goltumda bir ymarat ýa saýaly agaç bolsa, onuň kölegesinde durmaga mejbur bolýarlar.

Kä halatlarda bolsa sensor gapyly, sowadyjyly duralgalaryň hem sowadyjylarynyň ýa gapylarynyň işlemeýänligi sebäpli, ýolagçylar duralgalaryň daşynda agaçlaryň kölegelerinde durmaga mejbur bolýarlar.