Türkmenistanda walýutanyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş diýilýän çäreler berkliginde galýar. Häkimiýetler paýtagtyň hususy söwda nokatlarynda reýd geçirip, dükan eýeleriniň satuwa çykaran harytlaryny daşary ýurtlardan haýsy pula satyn alandygy barada düşündiriş soraýarlar. Bu çäreleriň fonunda ýaňy ýakynda 15 manada düşen 1 amerikan dollarynyň bahasy häzirki wagtda 17 manat 80 teňňä çykdy. Ýerli ilat munuň has-da gymmatlajakdygyny çaklaýar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 16-njy iýulda maglumat berdi.
Ol ýetiren maglumatlarynda, ýurduň bazarlaryna daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň bahalarynyň gymmatlygynda galýandygyny, ýöne şol bir wagtyň özünde içerki önümleriň hem bahalarynyň arzan däldigini habar berdi. “Sebäbi Türkmenistanda öndürilen harytlaryň goşundylarynyň tas 95 %-i daşary ýurtlardan getirilýändir” diýip, habarçy sözüne goşdy.
Beýleki bir tarapdan, ýurduň döwlet eýeçiligindäki metbugaty “bolçulyk” baradaky habarlary tekrarlaýar. TDH-niň 13-nji iýulda hödürlän makalasynda “ýurtda haryt bolçulygy dowam edýär” diýilýär; bir topar sanlar, göterimler we görkezijiler görkezilýär.
Hökümete ýakyn “Arzuw” saýty döwlet metbugatyna salgylanyp, 9-njy iýulda çap eden makalasynda ýurtda 100 müňe golaý kompýuteriň öndürilendigini habar berdi. Ýöne habarda kompýuterleriň tutuşlygyna “türkmen alymlary tarapyndan taslanandygy, ýa-da hytaý kompaniýalarynyň proýektleri esasynda kompýuterleriň diňe ýygnalyş önümçiliginiň Türkmenistanda ýola goýlandygy anyklaşdyrylmaýar” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar.
Şeýle-de, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 13-nji iýulda çap eden maglumatynda Howpsuzlyk gulluklarynyň Aşgabadyň bazarlarynda geçirýän güpbasdylary barada maglumat berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, paýtagtda barlag maksady bilen ýapylan durmuş tehnikalary satylýan bazarda, baş-başdaklyga ýol berildi; häkimiýetler söwda nokatlarynyň eýelerine harytlaryň nähili ýagdaýda Türkmenistana getirilendigi we olaryň daşary ýurtlardan haýsy pula satyn alnandygy hakynda düşündiriş ýazdyrdy.
Neşir öz maglumatlarynda satyjylaryň hatda algy-bergi depderleriniň-de barlanýandygyny, eger-de algylaryň möçberi dollarda ýazylan bolsa, onda dükan eýeleriniň jenaýata çekilmezlik üçin para bermäge mejbur bolýandygyny belledi.
Mundan ozal Azatlyk Radiosy hem Aşgabatda “Çandybil” bazarynyň bikanun walýuta garşy göreş diýilýän çäreleriň çäklerinde ýapylandygyny habar beripdi.
“Çandybil” bazarynda esasan ýaşaýyş hyzmatlary üçin zerur bolan elektron enjamlar we tehnikalar satylýar.
9-njy iýulda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy häkimiýetleriň “Çandybil” bazaryny möhürländigini, walýutanyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş bahanalap, 30-dan gowrak dükan eýesini ýa-da satyjyny saklandygyny, harytlaryň dollarda satylmagyna garşy berk çäreleriň görlendigini habar berdi.
Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň “Gülüstan” bazarynda, “15 ýyl abadançylyk” lomaý söwda bazarynda, şeýle-de il arasynda “Mir bazary” hem-de “Teke” bazary diýlip tanalýan bazarlarda şuňa meňzeş güpbasdylar geçirildi.
Döwlet mediasynyň öňe sürýän içerki önümçiliginiň depgini barada gürrüň edilende, her näçe hökümetçi habar serişdeleri “bolçulyk” maglumatlaryny tekrarlasa-da, ýerli ilat harytlaryň bahalarynyň aşa ýokarlanmagyndan ejir çekýän ýaly. Sebäbi, Azatlygyň habarçysynyň şu gün ýetiren gyzgyn maglumatynda, käbir harytlaryň nyrhlaryna deglip geçilýär.
“Türkmenistanda öndürilen 1.5 litrlik arassa agyz suwy 5 manat; Orsýetde we Gazagysantda öndürilen süýjüleriň bahasy Türkmenistanda öndürilenleriňkiden kän bir tapawut etmeýär – daşary döwletleriňki 50 manat töweregi, türkmen karameli 39-45 manat aralygynda. Türkmenistanda öndürilen şokoladyň 1 kilogramy 80-110 manat aralygyndadyr” diýip, habarçy belledi.
Şeýle-de ol awtoşaýlaryň hem-de gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň hem telim esse gymmatlandygyny habar berdi.
“Häzirki wagtda dişine et degmeýän, süýji degmeýän maşgalalar bar. Dermanhanalarda dermanlar gytalyp, gymmatlaýar; ýaramlylyk möhleti geçen dermanlar satylýar” diýip, Azatlygyň habarçysy ýurduň içindäki ýagdaýlary suratlandyrýar.