Hindistanyň Amritsar şäherinde ýerleşýän Sri Guru Ram Das adyndaky halkara aeroportynyň gümrük departamenti gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplap, Türkmenistanyň iki raýatyny tussag etdi. Bu barada Hindistanyň media serişdeleri habar berýärler.
“The Times of India” neşiriniň 16-njy iýulda beren maglumatyna görä, ýekşenbe güni iki türkmen raýaty Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasyna degişli uçarda Amritsar şäherine baryp, bahasy 40 müň amerikan dollaryna golaý gyzyl şaý-sepleri bikanun geçirmäge synanyşanda saklanýar.
“Gümrük resmileri ele salnan gyzyly konfiskasiýa etdi we ýolagçylar tussag edildi” diýip, neşir Amritsaryň gümrük resmisi Dipak Kumar Gupta salgylanyp habar berdi.
Bu mesele boýunça Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.
Belläp geçsek, bu bikanun gyzyl söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda tussag edilmegi bilen bagly ilkinji waka däl.
6-njy maýda Hindistanyň media serişdeleri Indira Gandi adyndaky halkara aeroportynyň gümrük departamentiniň 19 kilogram gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplap, Türkmenistanyň 28 raýatyny, şol sanda 22 zenany tussag edendigini habar beripdiler. Şonda ele salnan gyzylyň 60 million hindi rupisine, ýagny ortaça 890 müň amerikan dollaryna barabardygy mälim edilipdi.
Şol aýyň ahyrynda bolsa, türkmenistanly bir zenan maşgalanyň bahasy 61 müň dollar möçberindäki altyny bikanun ýollar biler Hindistanyň çägine saljak bolanda tussag edilendigi barada habarlar peýda boldy.
Türkmen häkimiýetleri bu tussag edilmeler barada häzirlikçe resmi kommentariý bilen çykyş etmän gelýärler. Emma geçen aýyň ahyrynda Azatlygyň ýagdaýdan habarly ýurt içindäki çeşmesi häkimiýetleriň Hindistanda altyn gaçakçylygynda güman edilip saklanan türkmenistanlylary ýurda ekstradisiýa etdirmegiň ugrunda işleýändigini habar berdi.