Türkiýe başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň ikinji ýylyny belleýär

Döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň birinji ýyl dönüminde türk baýdagyny göterip, köçä çykan zenanlar. Stambul, 14-nji iýul, 2017.

Türkiýe türk prezidentine garşy gurnalan we öňi alnan, 250 adamyň ölümine getiren döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň iki ýyllygyny ýatlaýar.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan we ýokary derejeli resmiler 15-nji iýulda Ankarada Kuran okaýyş çäresine gatnaşyp, namaz-dilegli çärelere badalga berdiler.

Şu gün giçlik Erdoganyň Ankarada we Stambulda jemgyýetçilige ýüzlenip çykyş etmegine garaşylýar.

2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda harbylaryň içindäki fraksiýalar tanklary, uruş uçarlaryny we dikuçarlary ulanyp, Erdogany agdarmaga synandylar. Uly şäherlerde, şol sanda Ankarada we Stambulda çaknyşyklar döredi.

Türkiýe ABŞ-da ýaşaýan musulman ruhanysy Fethulla Güleni agdarylyşyk synanyşygynda aýyplady. Gülen bu synanyşyga gatnaşygy baradaky aýyplamany ret etdi.

Türk häkimiýetleri geçen aýlarda, gülen goldawçylaryny basyp ýatyrmagyň çäginde, müňlerçe adamy, şol sanda döwlet gullukçylaryny, žurnalistleri we mugallymlary tussag etdiler, on müňlerçe adamy bolsa işden çetleşdirdiler.

Hukuk goraýjylar Erdogany agdarylyşyk synanyşygyny başga pikirlileri bogmak üçin bahana edip ulanmakda tankytladylar.