Daşoguzda gurulýan gurluşyklara berilmedik döwlet harajady býujet işgärleriniň jübüsinden alynýar

Daşoguz. Köne köpri

Daşoguz welaýatynda býujetden aýlyk alýan işgärleriň ählisiniňiýul aýynyň aýlyklaryny tutuşlygyna sebitde gurulýan gurluşyklara geçirmekleri talap edilýär diýip, Azatlygyň ýurduň demirgazygyndaky çeşmesi habar berýär.

Читайте также на русском

Bu habar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynyň häkimi Satlyk Satlykowy “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip , Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Şol bir wagtda, resmi maglumata görä, Satlykowyň kemçilikleriniň biri welaýatda gurulýan desgalaryň sanynyň az bolmagy bilen bagly.

“Sud, prokuratura, polisiýa, milli howpsuzlyk, bilim, medeniýet edaralarynyň işgärleri, hassahanalarda, ýol gurluşygynda işleýänler, garaz, býujet edaralaryndan aýlyk alýanlaryň ählisi bir aýyň aýlygyny Daşoguzdaky gurluşyklaryň haýryna geçirmeli edildi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme aýtdy.

Elbetde, bu iş meýletin-mejbury görnüşde, ýolbaşçylaryň ygtyýar bermegi bilen, işgärleriň döwletiň ösüşine meýletin goşant goşmak maksady hökmünde amala aşyrylýar.

“Işgärler bir aý iş haklaryny meýletin welaýatdaky gurluşyklaryň haýryna berýändikleri barada dilhaty ýazýarlar” diýip, çeşme aýtdy. Onuň sözlerine görä, şu ýylyň aprel aýynda hem şeýle çäre guralypdyr, ýagny býujet edaralarynyň işgärlerinden “gurluşyklar üçin” diýip, 300 manatdan pul ýygnapdyrlar.

Ýerli synçylaryň tassyklamgyna görä, Daşoguz welaýatynda prezidentiň oba, etrap ýerlerini abadanlaşdyrmak programmasynyň çäginde gurlup başlanan, ýöne häli-häzire çenli gurlup gutarylmadyk onlarça desga bar.

“Gurlup başlanan agyz suwy desgalary, köprüler, ýollar... gurulman ýatyr. Käbir ýerlerde gurlup başlanan metjitler, hatda döwrebap şäherçe diýilýänler, täze obalar hem başlanyp-taşlanan görnüşde ýatyr” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen ýerli mugallym aýtdy.

Mugallymlardan pul ýygnan mekdep direktorlarynyň biriniň beren wadasyna görä, olaryň aýlyklary öz ýaşaýan etraplaryndaky gurluşyklara harçlanar.

Azatlygyň habarçysy başlanyp-taşlanan ýa-da işi togtap galangurluşyk desgalaryny gurýan firmalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen hem habarlaşdy. Atlarynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen firma başlyklarynyň sözlerine görä, “döwletde häzir gurulýan gurluşyklara bermäge pul ýok we bu ýagdaýdan çykalgany býujet işgärleriniň jübüsinden gözleýärler”.

“Berdimuhamedow Balkanyň häkimini hem welaýatdaky gurluşyklar üçin pul soramagy sebäpli wezipesinden boşatdy” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen firma başlygy aýtdy. Onuň sözlerine, ýerli resmiler prezidentdengurluşyk üçin pul soramaga gorkýarlar we özlerinden talap edilýän işi halkyň boýnuna ýükläp bitirmekçi bolýarlar.

“Döwlet gurluşykda işleýän işçileriň aýlyklaryny 6-7 aýlap berip bilmeýär, welaýat ýolbaşçylary bu ýerde häzirlikçe býujet işgärleriniň bir aýlygyny almakdan başga çykalga tapmadylar” diýip, häkimlige ýakyn çeşme aýtdy.

Aýdylmagyna görä, bir aýlygyny bermekden boýun gaçyran adamlara şol günüň özünde işden boşadylmak haýbaty atylýar.

Şeýle-de, býujet işgärlerine pul ýygnamak, aýlyk tutmak çäreleriniň geljekki aýlarda hem dowam etdiriljekdigi duýdurylypdyr.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýulda Ministrler kabinetinde eden çykyşynda häzirjemi bahasy 40 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý 1600 töweregidesganyň gurulýandygyny aýtdy.

Ekspertler Türkmenistanyň iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar.