Türkmen goşunynda açlykdan kösenýän esgerleri 'gün urýar'

Arçman. Türkmen esgerleri.

Bir tanşymyň ogly Orsýetde ýokary okuw jaýyny tamamlap, Türkmenistanda harby gulluga gitdi, Keletä düşdi, ady Atamyrat. Emma ol häzir Nyýazow hassahanasynda ýatyr, el-aýagy gymyldamaýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi 12-nji iýulda habar berdi.

Hossarlaryna harby bölümde aýdylmagyna görä, Atamyrady gün urupdyr. Hassahananyň lukmanlary onuň böwreginiň işlemeýändigini aýdýarlar, ‘bir hepdede bellisi bolar’diýýärler” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ýerli synçylaryň biri yssy howada geçirilýän harby maşklar wagtynda gün urýan, çaşyp ýykylýan we hassahana düşýän esgerleriň az bolmaýandygyny tassyk etdi.

Emma türkmen esgerleriniň problemalary diňe howanyň aşa gyzmagy we harby serkerdeleriň bu ýagdaýy nazara alyp, ýaş oglanlaryň saglygy barada ýeterlik alada etmezligi bilen hem çäklenmeýän ýaly.

Türkmen goşunyndaky esgerleriň ýagdaýy öňem gowy däldi, häzirem öwerlik däl, sebäbi azyk ýetmezçiligi dowam edýär, dedowşina – ozaldan gulluk edip ýören esgerleriň täze gelenleriň üstünden agalygy hem aradan aýrylmaýar” diýip, Azatlygyň ikinji çeşmesi golaýda harby gullugyny tamamlap gelen öňki esgerler bilen gürleşip aýtdy.

Täze gulluga alnan esgerleriň, gowşak bolsalar, öňden gulluk edip ýören esgerler tarapyndan zorlanýan halatlary hem, ofiserler tarapyndan, başga biriniň gapysynda işletmek üçin’ satylýan halatlary hem bolýar” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş bolýan ene-atalar bolsa, esgerleriň soňky bir ýylda esasan azyk ýetmezçiliginden kösenýändiklerini, sebäbi azyk üpjünçiliginiň gün-günden peselýändigini gürrüň berýärler.

Ogly Serhetabat şäheriniň harby bölümlerniň birindegulluk edýän aşgabatly enäniň sözlerine görä, ol ozal ýylda bir ýa iki gezek, doglan gününde ýa-da haýsydyr bir baýramçylyk mynasybetli gulluk edýän oglunyň yzyndan gatnan bolsa, indi aýda bir gezek harby bölüme baryp-gaýtmaly bolýar.

Aýda bir gezek çörekden, gowurmadan, gök önümlerden, konserwa önümlerinden ýüklenip, Serhetabada gidip, oglumy iýdirip-içirip gaýdýaryn” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ene aýtdy.

Şeýle-de ol konserwa önümlerini, az-owlak pul bilen, harby bölümiň golaýyndaky myhman öýünde goýup gaýdýandygyny, şonda komandire pul berip, ogluny indiki barýança hem birki gezek daşarda naharladyp bilýändigini gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Soltan Açylowanyň ýaşaýjylara salgylanyp habar bermegine görä, Serhetabadyň harby bölümleriniň serhet gullugyna degişli düzümlerinde esgerleriň azyk üpjünçiligi “oňuşmazça” hem däl.

Emma pyýada goşunyň hatarlarynda gulluk edýän esgerleriň azyk üpjünçiligi juda gözgyny. Olara berilýän iýmit ýagsyz, tomatsyz, suwa gaýnan bugdaý ýarmasy bolup, esgerleriň witamin ýetmezçiliginden dürli kesellere sezewar bolýandyklary aýdylýar” diýip, Azatlygyň habarçysy ýazýar.

Şeýle-de, azyk ýetmezçiligi zerarly, "esgerleriň saçlary düşýär, endamlarynda tegmiller peýda bolýar" diýen maglumatlar gelip gowuşýar.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan başga bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, harby bölümleriň käsinde esgerleri hiç ýere çykarman, harby tälim okuwlaryny hem geçmän saklaýarlar.

Sebäbi esgerlerde tälin okuwyny geçer ýaly ysgyn-mydar ýok” diýip, ol bu ýagdaýyň sebäbini düşündirdi.

Türkmen goşunynyň hatarlarynda gulluk edýän esgerleriň azyk, geýim-eşik we aýakgap üpjünçiligi Türkmenistanda 2007-nji ýylda häkimiýet çalşandan soň biraz gowulandy we esger eneleri soňky bir ýyla çenli esger ogullaryň aç galmagyny beýle uly alada etmeýärdiler.

Emma ekspertler häzir Türkmenistanyň iň agyr ykdysady çökgünligini başdan geçirýändigini, bu ýagdaýyň ýurudň tutuş ilatyna, şol sanda esgerleriň durmuşyna hem täsir ýetirmän bilmejegini aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri esgerleriň açlygy baradaky habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.