Çeşme: Ýokary derejeli bir resmi garamagyndakynyň 'maňlaýyny ýardy'

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan alnan surat (illýustrasiýa)

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi welaýatda ýokary derejli bir resminiň öz garamagyndaky bugdaý planyny dolmadyk daýhan birleşikleriň başlyklaryny ýygnaklarda urýandygyny, olary paýyş sözler bilen köpçülikde kemsidýändigini habar berdi.

“Ol geçen şenbe güni geçirilen ýygnakda Akdepe etrabynyň bir daýhan birleşiginiň başlygyny stoluň üstünde duran kül kakylýan bilen göni maňlaýyna uransoň, daýhan birleşigiň başlygyny ýygnak geçirilýän binadan tiz kömek bilen hassahana äkitdiler” diýip, Azatlygyň çeşmesi regionyň obalarynyň birinde başlyk bolup işleýän tanşyna salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, welaýat derejesindäki ýokary derejeli bu resmini regionda ýygnalan bugdaý hasylynyň pesdigi ynjalykdan gaçyrýar.

“Bu welaýatda iş ýüzünde ýygnalan bugdaý hasyly döwlete berlen hasabatyň hatda 10-dan 1-ine-de deň däl. Şol sebäpden [welaýat derejesindäki] ýokary derejeli resmiler gazaba münýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Ol Azatlyga ýetiren maglumatynda regionda ýygnalan bugdaý hasylyň pes derejesini ýylyň gurak gelmegi, obahojalygynda zerur bolan dökün-dermanyň wagtynda üpjün edilmezligi bilen düşündirdi.

“Ol 10-a golaý daýhan birleşigiň başlygyny işinden boşadyp, soňra-da ‘nätseňem şulary türmä düşer ýaly edip ber” diýip, köpçülikde prokuratoranyň işgärlerine ýüzlenipdir” diýip, çeşme maglumat berdi.

Türkmenistanda ýokary derejeli resmileriň öz garamagyndaky işgärlere nähili çemeleşýändigi barada aç-açan maglumatlar jemgyýetçilige o diýen elýeterli däl, ýöne Azatlygyň çeşmesiniň maglumatlaryndan çen tutulsa, plan borçnamalary welaýat derejesindäki ýokary derejeli resmileri juda ynjalyksazlandyrýar.

“Kül kakylýany göni maňlaýyna zyňypdyr” diýip, Azatlygyň çeşmesi ýygnakdan dessine hassahana äkidilen oba başlygynyň düşen hal-ahwaly barada gürrüň berdi.

Galyberse-de, ýokarky maglumatlary başga çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Ýokary derejeli resmileriň öz garamagyndaky işgärleri köpçülikde kemstimegi, olary ýençmegi baradaky habarlar wagtal-wagtal Özbegistandan gelip gowuşýar. Mysal üçin, geçen ýylyň aýagynda Andijanda mugallymlary kemsiden häkim jeza çärelerine sezewar bolupdy.

Ýa-da geçen ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň bir etrabynyň mekdep direktorlaryny ýençýän häkimini görkezýän wideo internetde peýda bolupdy. "Kun.uz" atly internet neşiriniň ýaýradan wideoşekilinde, Özbegistanyň Saýhunabat etrabynyň häkimi Garaşsyzlyk günündäki şowsuzlyk sebäpli, ýerli mekdebiň müdirine äsgermezçilikli sözler aýdyp, ony ýençýär. Ýurtda bu hili ýagdaýlara mugallymlaryň, kärendeçileriň, häkimleriň hem duçar bolýandygy aýdylýar.

Garamagyndaky işgäriň maňlaýyna kül kakylýan zyňyp hassahana ugradan Daşoguzdaky resmi barada has giňişleýin maglumat ýok, ýöne Türkmenistan döwlet işgärleriniň köpçülikde özüni alyp barmagynyň düzgünlerini, olaryň garamagyndaky işgärlere çemeleşiginiň edebini kanunçylyk bilen berkidipdi. Synçylar ýurtda ýazylmadyk kanunlaryň, ýazylan kanunlardan has hökmürowandygyny aýdýarlar.