Berdimuhamedow žurnalistlere 'öz ýasan täze maşyny' barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "öz ýasan" sport ulagy bilen. TDH-nyň fotosuraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji iýulda, Hazaryň kenaryndaky dynç alşynyň arasyny kesip, “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanyşmaga bardy we metbugat wekilleriniň soraglaryna jogap berdi.

Türkmen telewideniýesiniň reportažyndan görnüşine görä, ady we işleýän ýeri aýdylmadyk žurnalist prezidentden “öň geçip gören-ä dälsiňiz-dä bu ýollardan?” diýip soraýar.

Berdimuhamedow bu soraga ilki “Men özi bir ilki öwrenýän, soň onnoň ony durmuşa amala aşyrmak bolsa iň gowy ýollaryny tapýan” diýip jogap berýär we soňra, belki-de pikirini has anyklaşdyrmak üçin, bilelikde ýoluň kartasyna seredip görmegi teklip edýär.

Karta seredilende geçilmeli ýoluň 18 kilometr bolýandygy anyklanylýar.

“Gyrasy deňiz bilen gidýär, onnoň bi deňziň içine-de girmeli ýeri barmyka... täsin... elbetde, ýol görkezer-dä... Göremok men” diýip, prezident soňundan bu ýoldan öň geçmändigini aýdýar.

Prezident Berdimuhamedowa berlen ikinji sorag onuň “täzeräk görünýän maşyny” barada boldy.

“Şu maşynam gözümize del görünýär, öň münen maşynlaryňyzy gördük” diýip, ady aýdylmadyk žurnalist prezidentiň sürüjilik ussatlygyny belleýär we redsaksiýalara bu barada okyjylardan hat gelýändigini ýatladýar.

“Men, ýaňam aýtdym, köp zady ilkinji okaýan, öwrenýän, soň özüme netije çykarýan. Bu Germaniýaň ulagy. Muňa miniwan diýýärler” diýip, Berdimuhamedow soňra öz “ýasan” ulagy hakynda gürrüň berýär.

“Meň esasy münen ulaglammy özüňiz gördäňiz. Öz ýasap oturan ulagyň geçen sapar çägede barlamda, birinjiden-ä hereketlendirijisi biziň howamyzda berk gyzýa” diýip, döwlet baştutany ol ulaga gyzmaz ýaly goşmaça bir abzal goýmalydygyny hemem çägede batmaz ýaly enjam goýmalydygyny aýtdy.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, bu “ulagyň çyzgysy türkmen oglanlary bilen bilelikde çyzylypdyr” we ol “gowy ulag bolup çykypdyr”.

Soňra Berdimuhamedow dynç alşy zähmet bilen utgaşdyryşy, geçiriljek awtoralliniň halkara ähmiýeti, özüniň Garagumy Bütindünýä miras sanawyna girizmek insiatiwasy baradaky soraglara jogap berdi.

Mundan öň türkmen mediasy prezident Berdimuhamwedowyň Hazaryň kenaryndaky dynç alşynyň ilkinji we ikinji gününde agtygy Kerimguly bilen welosipedli gezelenç edip, dürli sport maşklaryny ýerine ýetirendigini, soňra aýdym we saz ýazmak, aýdym aýtmak, “Türkmenistan- Berik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň dowamynyň üstünde işländigini habar berdi.