“The Jamestown Foundation” aň-düşünje guramasynyň analisti, şeýle-de düýbi Waşingtonda ýerleşýän Merkezi Aziýa – Kawkaz institutynyň gaýybana ylmy barlagçysy Jon Däliniň (John C. K. Daly) 9-njy iýulda birleşigiň “Eurasia Daily Monitor” neşirinde çap eden makalasynda türkmen ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyna gysgaça syn berilýär.
Читайте также на русском
“Türkmenistanyň ykdysadyýeti – ýary boşmy, ýa-da ýary doly?” ady bilen çap edilen makalada ilki bilen ýurtdaky umumy ýagdaýlar suratlandyrylýar. Makalada Türkmenistandan takyk sosio-ykdysady maglumatlary edinmegiň kyndygy aýdylyp, daşary ýurtlarda iş alyp barýan türkmen oppozisiýasynyň ýurtdaky ýagdaýlaryň ýaramazlaşýandygy barada berýän maglumatlarynyň fonunda, Aşgabatda diýdimzor häkimiýetiň “türkmen jemgyýetinde ýagdaýlar gülala-güllük” diýip aýak depmeginiň, ýurt baradaky anyk-takyk maglumatlary has-da agyr güne salýandygy bellenýär.
Ýurduň ykdysadyýeti barada jemgyýetçilige ýetirilýän habarlarda taraplaryň maglumatlaryndaky tapawutlylyk göze ilýär diýip, makalada aýdylýar.
“Türkmenistanyň tapdan düşen walýutasy – manadyň hümmeti, 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri 542 % pese gaçdy; şeýle-de, şu ýylyň başynda 10 manada deň bolan dollaryň gara bazardaky nyrhy 3-nji iýunda 29 manada çykdy. Ýöne beýleki bir tarapdan hökümet şu ýylyň dowamynda umumy içerki önümiň ösüş depgininiň 6.2 % barabar boljakdygyny habar berýär” diýip, makalada aýdylýar.
Esasan türkmen hökümeti bilen ilteşigi bolmadyk garaşsyz media serişdeleriň maglumatlarynyň resmi maglumatlar bilen deňeşdirilmeginde taýýarlanan makalada türkmen ykdysasyýetine iki penjireden syn berilýär. Makalada hökümetiň ösüşlerden söz açýan wagty, ýurduň daşynda hereket edýän köpçülikleýin media serişdeleriniň ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklardan, çörek nobatlaryndan gürrüň edýändigi nygtalýar.
Awtor Türkmenistanyň 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanmagy bilen ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň-da, ondan soň hökümet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedowyň-da ýurduň tebigy baýlyklaryndan gelýän girdejilerini “ada çapýan” taslamalara, şol sanda bahasy 2.3 milliard dollarlyk halkara aeroportuň gurluşygyna, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Aşgabady ak mermere büremäge we şuňa meňzeşlere harçlandygyny belleýär.
“Ýöne ýurduň köçä bakýan tarapyna elpe-şelpelik çalýylýan-da bolsa, arka tarapda, durmuş ýurduň adaty raýatlary üçin has-da ýaramazlaşýar. Geçen oktýabr aýynda hökümet ilatyň mugt tok, suw we gaz üpjünçiligini ýatyrdy” diýlip, makalada aýdylýar.
“Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär” diýip, “The Jamestwon Foundation” birleşiginiň analisti, şeýle-de düýbi Waşingtonda ýerleşýän Merkezi Aziýa – Kawkaz institunyň gaýybana ylmy barlagçysy Jon Däli belleýär. Makalada bu ýagdaýyň türkmen hökümetini öz gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga has-da iterýändigi, ýöne Orsýet bilen Eýranyň türkmen gazyndan ýüz öwürmegi bilen ýurduň energiýa söwdasynyň diňe Hytaýa garaşly galandygy, şol bir wagtyň özünde, energiýa serişdeleriniň nyrhlarynyň global arzanlamagy we Hytaýyň ykdysadyýetiniň kuwwatynyň pese gaçmagy regionyň aşa optimist tamasyny ödemändigi agzalyp geçilýär.
“Türkmenistanyň döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýan media serişdeleri adamlaryň ýurduň içindäki ýagdaýlara syn bermek mümkinçiliklerini kynlaşdyrdy” diýip, analist belleýär.
“Statistiki taýdan ynamdar maglumatlaryň ýok ýerinde, halkara maliýe edaralary türkmen hökümetiniň çap edýän sanlaryna salgylanmaly bolýar” diýip, awtor Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan barada ýaýradan soňky maglumatlaryna salgylanýar.
“Halkara pul gaznasyna görä Türkmenistan ýa manadyň dewalwasiýasyny amala aşyrmaly, ýa-da döwlet harçlamalaryny çäklendirmeli. Hökümet bularyň ikisine-de eýermejek ýaly, sebäbi olaryň birinjisi ýurduň raýatlarynyň durmuş standartlaryny pese gaçyrar, ikinjisi bolsa hökümetiň prioritetlerini sorag astyna salar” diýip awtor belleýär.
Halkara ekspert öz makalasyny täsin çaklama bilen soňlaýar: “Şol sebäpden, ýurtda ýagdaýlar bu golaýda has-da ýaramazlaşjak ýaly, ýöne bu ýerde ýeke-täk sorag – munuň, ýagny ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagynyň nä derejede tiz amala aşjagydyr”