Aşgabat – Daşoguz ýolunyň ugrunda idegsiz düýeler ýol hadysalaryna ýol açýar

Aşgabat - Daşoguz gara ýoluny kesip geçýän düýeler

Aşgabat – Daşoguz ýolunyň ugrunda eýeleri seretmeýän, idegsiz düýeler ýol heläkçiliklerine sebäp bolýarlar. Olar diňe bir garaýoluň ugrunda däl, eýsem, Aşgabat – Daşoguz aralygynda hereket edýän demirýoluň ugrundaky otly gatnawyna-da wagtal-wagtal päsgelçilik döredýär. Bu barada Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy maglumat berýär.

Читайте также на русском

“Aşgabat – Daşoguz ýolunyň ugrunda eýeleri seretmeýän düýeler her aý diýen ýaly ýol heläkçiligine sebäp bolýar. Olar diňe bir awtoulag heläkçiligine getirmän, eýsem, käwagt ýolagçy otlusynyň hereketine-de zyýan ýetirýär” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ol idegsiz düýeleriň golaýda iki welaýatyň arasynda gatnaýan ýolagçy otlusynyň ýoldan çykmagyna getirendigini, ýöne bu heläkçilikde adam ýitgisiniň bolmandygyny nygtap aýtdy.

“Emma otlynyň lokomotiwi döwlüpdir. Muňa demirýoluň ugrunda ýatan 3 sany düýe sebäp bolupdyr” diýip, habarçy belledi.

Ol bu hadysa şaýat bolan demirýolçylaryň gürrüňlerine salgylanyp, düýe bilen bagly ýüze çykýan köçe-ýol hadysalarynyň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygyny habar berdi.

“Şeýle hadysalaryň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy zerarly, demirýoly düýelerden gorap saklamak üçin onuň töweregine belli ýerlerde sim haýat çekip başlanypdyr” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda düýeleriň eýeleri barada gysgaça maglumat beren habarçymyz, olaryň hususy eýeçilige degişlidigini, ýöne olaryň heläkçiliklere ýol açýandygyna garamazdan, häkimiýetleriň düýeleriň eýelerine mal-garalaryny ýola ýakynlatmazlyk boýunça degişli çäre görmeýändiklerini aýtdy.

Azatlygyň habarçysy otlynyň relsden çykandygy baradaky gürrüňleri onlarça demirýolçynyň tassyklandygyny mälim etdi.

“14-nji iýunda Aşgabatdan Akdepe etrabyna barýan bir taksi düýe bilen çaknyşyp, bu pajygaly wakada 5 adam heläk boldy” diýip, Azatlygyň habarçysy anyk maglumatlary berdi.

Ol gürrüňi gidýän demirýol hadysasy baradaky maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin häkimiýetleriň demirýolçulara we waka şaýat bolan käbir ýolagçylara berk tabşyryklary berendigini belledi.

Aşgabat – Daşoguz arasyndaky idegsiz düýeler we olaryň ýol açýan ýol hadysalary barada Türkmenistanda jemgyýetçilige elýeterli resmi maglumat berilmeýär.

Daşoguz Aşgabatdan takmynan 600 kilometr aradaşlykda ýerleşýär. Bu iki şäheriň arasynda gara, demir we howa ýollary arkaly gatnawlar amala aşyrylýar.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmenleriň arasynda düýelere aýratyn orun berilýär; onuň çalyna şypaly içgi, ýüňüne ýyly “ýapynja” hökmünde garalyp, düýe ýüňünden ýasalan goşar bagjyklarynyň "gözden-dilden goraýandygyna" ynanylýar. Ýöne läheň Garagumdaky ýol hadysalaryna ýol açýan düýeler baradaky meseleler resmi derejede gozgalmaýar.