Aşgabadyň bazarlarynda walýuta söwdasyna garşy gözegçilik güýçlenýär

Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň bazarlarynda dollardaky söwdanyň we walýuta söwdasynyň garşysyna şu wagta çenli görülmedik göreş başlandy, “Çandybil” bazarynda we beýleki birnäçe ýerde düýpli barlaglar geçirildi diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi 7-nji iýulda habar berdi.

Читайте также на русском

Şuňa meňzeş maglumat Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysyndan hem gelip gowuşdy. Ol bahalara edilýän döwlet gözegçiliginiň telekeçileri batyrýandygyny habar berýär.

Bu habarlar türkmen häkimiýetleriniň 5-nji iýulda geçen hökümet maslahatynda bikanun dollar söwdasy bilen meşgullanýan adamlaryň bir toparynyň tutulandygy barada beren resmi maglumatynyň yzýanyna gabat gelýär.

“Çandybil” bazarynda esasan ýaşaýyş hyzmatlary üçin zerur bolan enjamlar – holodilnikler, kondisionerler, kir ýuwujy maşynlar we şuňa meňzeş harytlar satylýar diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Bu maglumatlary Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew tassyklap, şeýle gürrüň berdi:

“Türkmenistanda, şol sanda Aşgabat şäherinde-de soňky döwürde daşary ýurt walýutasynyň ogryn, gizlin söwdasynyň garşysyna alnyp barylýan göreş indi aç-açanlyga eýe bolup ugrady. Geçen hepdäniň dowamynda “Çandybil” atly bazarda güp-basdy edilip, barlag edildi. Bu hakda şony gözi bilen görüp, hatda egni bilen çeken adamlaryň käbirleri gürrüň berýärler. Daşary ýurt walýutasynyň ogryn, gizlin söwdasynyň garşysyna göreşýän gulluklar bazardaky dükanlary ýekän-ýekän barlapdyrlar. Barlag wagtynda esasan ýüze çykarylan zat dükanlardaky harytlaryň türkmen manadyna däl-de, eýsem, daşary ýurt walýutasyna, amerikan dollaryna satylýandygynyň üsti açylypdyr. Dükanlardaky pul saklanýan seýflerden uly mukdardaky pullar tapylyp alnypdyr” diýip, Bugaýew belledi.

Onuň wakanyň şaýatlaryna salgylanyp beren gürrüňinde 30-dan gowrak dükanda agzalýan ýagdaý emele gelipdir.

“Güýç gullugynyň işgärleri dükanynda dollar söwdasyny eden, ýa-da bolmasa harydyny daşary ýurt walýutasyna satan dükanyň eýeleriniň, satyjylarynyň 30-dan gowragyny polisiýa departamentine alyp gidipdiler, hem-de günüň ikinji ýarymynda, entek iş güni tamam bolmanka, “Çandybil” bazarynyň ähli girelgeleri ýapylyp, il içinde aýdylyşy ýaly, polisiýa tarapyndan möhürlenip, oňa “plomba” goýlupdyr. Şu ýagdaý 4-nji iýuldan başlap, edil häzirki güne çenli hem dowam edýär” diýip, Bugaýew belledi.

Ol “alnyp gidilenleriň” belli bir böleginiň, şäherden çykmazlyk şerti bilen, boşadylandygyny, ýöne olara ýakynda boljak sud diňlenişigine gatnaşmalydyklarynyň duýdurylandygyny gürrüň berdi.

“Azyrak mukdarda dollar tapylanlar Türkmenistanyň administrtatiw hukuk bozmalary hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda sud ediljekmişin. Administratiw hukuk bozmalar hakyndaky kanunçylyga soňky gezek 2015-nji ýylyň noýabr aýynda düzedişler hem-de goşmaçalar girizilipdi” diýip, synçy Bugaýew bu goşmaçalara laýyklykda birinji gezek gizlin daşary ýurt walýutasynyň söwdasy bilen meşgullanyp, ele düşenlere ýurtdaky ortaça aýlygyň 20 essesi möçberinde, ikinji gezek ele düşenlere ortaça aýlygyň 50 essesi derejesinde, üçünji gezek ele düşenlere ýurtdaky ortaça aýylygyň 100 essesi derejesinde jerime salynýandygyny, hem-de üçünji gezek ele salnanlaryň sud jogapkärçiligine çekilip, olaryň 2 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinýändigini sözüniň üstüne goşdy.

“Aşgabadyň “Mir bazary” diýlip atlandyrylýan bazaryň dükan eýelerinden, “Orus bazary” diýip atlandyrylýan “Gülüstan” söwda merkezinden, Teke bazaryndaky söwda merkezindäki, şeýle hem “15 ýyl abadançylyk” atly lomaý söwda bazarynyň dükan eýeleriniň ählisinden iki nusgalykda dil hat alnypdyr” diýip, synçy Bugaýew dil haty talap eden tarapyň bazarlaryň administrasiýasydygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ol öňünden taýýarlanan dil hatlaryň mazmunynda dükan eýelerine walýuta söwdasynyň, hem-de harytlary daşary ýurt walýutasynda satmagyň gadagançylygy barada özlerine duýduryş berlendigini tassyklap gol çekdirilýändigini, şol bir wagtyň özünde, dil hatyň mazmunynda dükan eýeleri şeýle ýagdaýlar ýüze çykan halatynda dükanlarynyň ellerinden alnyp, hatda harytlarynyň hem konfiskasiýa edilip, özleriniň jogapkärçilige çekiljekdigini tassyklaýarlar.

Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysynyň maglumatyna görä, soňky günlerde howpsuzlyk işgärleriniň bazardaky harytlara goýulýan bahalara edýän gözegçiligi has-da güýçlendirildi we “mejbury nyrhlar” telekeçileriň işine örän uly zyýan ýetirýär.