Aşgabat bazarlara we bahalara döwlet gözegçiligini güýçlendirýär, telekeçiler batýandyklaryny aýdýarlar

Aşgabat. Teke bazarynyň ýanyndaky awtobus duralgasynda söwda edýän aýallar. Arhiw suraty

Aşgabadyň bazarlarynda dollardaky söwdanyň we walýuta söwdasynyň garşysyna şu wagta çenli görülmedik göreş başlandy, 5-nji iýulda “Çandybil” bazarynda we beýleki birnäçe ýerde düýpli barlaglar geçirildi, käbir halatlarda adamlaryň jübülerini barlamaga hem baryp ýetdiler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi 7-nji iýulda habar berdi.

Şuňa meňzeş maglumat Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysyndan hem gelip gowuşdy. Ol bahalara edilýän döwlet gözegçiliginiň telekeçileri batyrýandygyny habar berýär.

Bu habarlar türkmen häkimiýetleriniň 5-nji iýulda geçen hökümet maslahatynda bikanun dollar söwdasy bilen meşgullanýan adamlaryň bir toparynyň tutulandygy barada beren resmi maglumatynyň yz ýanyna gabat gelýär.

“Çandybil” bazaryndaky durmuş hyzmatlary tehnikasyny satýan dükanyň eýesi alyjylaryň biriniň ýanynda dükandaky daşary ýurt harytlarynyň, holodilnigiň we beýleki enjamlaryň dollara, getirilen ýerine satylýandygyny aýdypdyr. Şondan soňTürkmenistanda dollarda söwda etmek bolanok diýip, bir topar dükanyň agzyny möhürläp goýdular” diýip, aşgabtly çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Mir” bazarynda, Orus bazarynda işläp duran satyjylaryň hemmesine iki nusgalykda dilhaty ýazdyrdylar, olaryň birini bazar adminstrasiýasy alyp galýar.

Ýazdyrylýan dilhatyda “Men dollar söwdasyny etsem, özümiň jenaýata çekilmegime razy, şu babatda maňa duýduryldy” diýip ýazdyrýarlar. Şeýle-de olara, dollar söwdasy bilen baglylykda, dükanlarynyň hem ellerinden alynjakdygy, hatda harytlarynyň hem konfiskasiýa edilmeginiň ahmaldygy duýdurylypdyr.

Şol bir wagtda ýerli synçylar türkmen kanunçylygynda beýle zadyň ýokdugyny, dollar söwdasy bilen baglylykda ilki birnäçe gezek adminstratiw çäre görülmelidigini belleýärler.

Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysynyň maglumatyna görä, soňky günlerde howpsuzlyk işgärleriniň bazardaky harytlara goýulýan bahalara edýän gözegçiligi has-da güýçlendirildi we “mejbury nyrhlar” telekeçileriň işine örän uly zyýan ýetirýär.

Telekeçileriň käbiri doly bankrot boldy, olar işlerini togtatmaga mejbur bolýarlar, sebäbi döwlet olaryň “gara bazardan” 20-21 manatdan satyn alan dollarlaryna getiren harytlaryny has arzan bahadan satmaga mejbur edýär, döwlet kursundan dollar konwertasiýa edip bermeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran daşoguzly çeşme bu aýdylýanlary tassyk etdi.

Daşoguzdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, häzir bu ýerde diňe daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň däl, eýsem ýerli hojalyklarda öndürilen mal etiniň bahasyna-da berk gözegçilik edýärler.

Mal bakyp, bazara et çykarýan hojalyklar hem çökýär, sebäbi mal iýmlemek üçin 1 kg künjarany 4 manatdan, 1 kg kepegi 3 manatdan satyn alýarsyň, şondan soň bazara çykaran etiň her kilogramyny 18 manatdan satmaly, bu ýagdaýda sen eden işiň üçin girdeji almakdan geçen, kepegiň bahasyny hem ödemeýärsiň” diýip, mal bakyp, et satýan ýaşaýjy gürrüň berdi.

Şu aralykda, ýurduň demirgazyk sebitinde “Koka-kola” içgisiniň bahasynyň birden gymmatlandygy habar berdildi.

Mundan ozal, prezident Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda bellenen ýaş toýunyň öňünden, telekeçileriň dollar konwertasiýa etmeginde bir ilerleme bolandygy eşidildi we bu ýagdaý türkmenistanlylaryň söýgüli içgisiniň gaýtadan satylyp başlamagyna mümkinçilik döretdi.

Aýdylmagyna görä, dollar konwertasiýasyna girizilen çäklendirmeler bu içginiň daşary ýurtlardan getirileýän goşundylarynyň gutarmagyna sebäp bolupdyr. Emma telekeçiler döredilen konwertasiýa ýeňilliginden soň, geçen hepdäniň 3-nji güni “Koka-kolanyň” 1 litriniň Daşoguzda 5 manatdan satylandygy habar berildi.

Ýöne ýaşaýjylaryň “kola” şatlygy uzaga çekmedi, sebäbi arzan “kola” derrew gutardy, indi onuň litrini 24 manatdan satýarlar diýip, çeşme aýtdy.

Mundanam başga, türkmenistanda öndürilýän süýji-köke önümleriniň hiliniň juda ýaramazlaşýandygy, olara goşulmaly şekeriň we beýleki tagam beriji goşulmalaryň ýarysynyň hem goşulmaýandygy habar berilýär.

Şol bir wagtda, bu önümleriň bahasy arzanladylmaýar, mysal üçin, 1.5 litrlik gazly we her dürli tagamly suwlar 5 manatdan satylýar, ýurt içinde öndürilen motor ýagy bolsa, hili pes bolsa-da, import ýagdan gymmat satylýar diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi aýtdy.