Türkmen goşunynda dört sagatlyk erkinlige çykjak esger üçin 200 manat para bermeli

Aşgabat, erkinlikdäki esgerler

Azatlygyň Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky çeşmesi goşunda gulluk edýän esger oglanlaryň dört sagat gullukdan boşadylmagy üçin 200 manat para bermelidigini habar berýär.

Bu maglumat golaýda türkmen-owgan serhedinde güman edilýän neşe gaçakçylary bilen atyşykda 25 töweregi türkmen esgeriniň öldürilendigi barada ýaýran habarlaryň yz ýanyna gabat geldi. Resmi Aşgabat bu habara gönüläp reaksiýa bildirmedi, emma hökümetçi saýt ony özüçe ret etdi.

Düýn bir goňşym goşuna iki ýyllyk harby gulluga alnan oglunyň harby kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşmak üçin Abadana (ozalky Büzmeýin) bardy. Ol ýerde gulluk edýän ogluňy gullukdan boşadyp, 4 sagat şäherde gezdirmek, aýratyn naharlamak üçin 200 manat para bermeli” diýip, Azatlygyň çeşmesi ýakyn goňşusyna salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de, çeşmşäniň tassyklamagyna görä, "kasam kabul ediş dabarasyna ene-atasy ýa başga bir hossary gelmedik esgerler ofiserler tarapyndan köpçüligiň içinde 'sen ýetimmi ýa ene-ataň gedaýmy?' diýlip kemsidilýär.

Bu ýagdaý esgerleriň ene-atalaryna "ýagdaýyňyz bolsa geleweriň" diýip habar ýollamagyna sebäp bolýar. Emma eli ýuka maşgalalardan bolan esgerleriň käbiriniň ene-atasy maliýe kynçylyklary ýa başga bir sebäp bilen kasam kabul ediş dabarasyna gelip bilmeýär diýip, çeşme aýtdy.

“Birinjiden, esgerlikdäki ogluň yzyndan boş baryp bolmaýar, sebäbi hemmeler esgerleriň azyk kynçylygyndan habarly we ol ýere azyk, pul alyp barýar. Elbetde, maşgala güzeranyny zordan aýlaýan bolsa, munuň üçin karza girmeli bolýar. Ikinjiden, yssy howada ýol azaby we harajady hem bar, Türkmenistanda ýönekeý adamlaryň gatnaw meselesi juda kyn” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Kasam kabul ediş dabarasyna ene-atasy ýa başga bir hossary gelmedik esgerler ofiserler tarapyndan köpçüligiň içinde 'sen ýetimmi ýa ene-ataň gedaýmy?' diýlip kemsidilýär.
Azatlygyň çeşmesi

Azatlyk radiosynyň ýurduň dürli ýerlerinde ýaşaýan diňleýjileriniň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy türkmen goşunynyň hatarlarynda gulluk edýän esgerleriň hem ýagdaýyny çylşyrymlaşdyrýar.

Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolanyndan soň döredilen türkmen goşuny turuwbaşdan bir topar kynçylyga uçrady we ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow esgerleri özlerini eklemäge borçly etdi. Bu ýagdaý esgerleriň hususy hojalyklarda arzan işçi güýji hökmünde giňden ulanylmagyna, şeýle-de olaryň käbiriniň ýolda köne-küşül eşikli çörek, çilim sorap, dilegçilik etmeginiň adaty zada öwrülmegine alyp geldi diýip, ýerli synçylar gürrüň berýärler.

Emma bu ýagdaý 2007-nji ýylda, Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň üýtgedi, goşunda gulluk edýän esgerlere berilýän ünsüň ýokarlanandygy, harbylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, şol sandaazyk, eşik üpjünçiliginiň hem gowulandyrylýandygy habar berildi.

Ýöne ekspertler Türkmenistanyň global nebit bahalarynyň arzanlamagy, Orsýet, Eýran ýaly iri gaz alyjylaryny ýitirmegi, üstesine “Awaza” milli dynç alyş zolagy, “Altyn asyr” türkmen köli, Aşgabatda gurlan halkara aeroport, olimpiýa şäherçesi ýaly ykdysady taýdan özüni ödemeýän desgalara harçlanan milliardlap dollar zerarly garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň uly ykdysady krizisine düşendigini aýdýarlar.

Bu krizisiň fonunda hatda ýurduň iň möhüm pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynda hem iş orunlary gysgaldylýar we şu aralykda goşundaky esgerleriň hem azyk üpjünçiliginiň barha peselýändigi baradaky habarlar köpeldi.

Bu ýagdaý, azatlygyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, harby bölümlerde hususy dükanlaryň açylmagyna hem-de ene-atasyndan pul alýan esgerleriň şol ýerde naharlanmak mümkinçiliginiň döredilmegine sebäp boldy. Emma soňra, ogullarynyň aç galmagyndan alada galýan ene-atalaryň beýleki esger eneleri bilen gezekleşip, harby bölümlere her aýda sapar etmekleriniň kada öwrülendigi habar berildi.

Bu saparlara gidýän ene-atalar harby bölüme baryp, ogullary bilen gulluk edýän birnäçe ýigide 4 sagatlyk rugsat alýarlar we olary şol töwerekde kireýine alnan jaýlarda elin naharlap gaýdýarlar. Ýöne çeşmeler ene-atalaryň bu azyk saparlaryndan diňe aç esgerleriň däl, eýsem ofiserleriň hem nep görýändigini, ýagny olaryň her rugsada goýberen esgeri üçin para alýandygyny habar berýärler.

Emma bu aýdylýanlara ne resmi Aşgabat, ne-de hökümetçi saýt reaksiýa bildirýär.