Türkmenistanda ýene alty aýdan aýlyk zähmet haklary köpeldiler, 10%

Türkmen manatlary we ABŞ dollarlary

Türkmenistanyň prezidenti 5-nji iýulda 2018-njy ýylyň ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10% ýokarlandyrmak hakyndaky karara gol çekdi.

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1286 manat möçberde; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 377 manat möçberde bellemeli diýip, kararda aýdylýar.

Şeýle-de, türkmenistanlylaryň pensiýa pullarynyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 307 manat möçberde;döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 293 manat möçberde bellenilýär.

Mundanam başga, kararda Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň gelýän ýylyň 1-nji ýanwaryndan 790 manat möçberinde belleniljekdigi habar berilýär.

Tejribeden görnüşi ýaly, Türkmenistanda her ýylyň tomsunda, alty aý öňünden aýlyklaryň 10 prosent köpeldilýändigi habar berilýär we şondan soň ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň bahalary gymmatlap başlaýar.

Bu gezekki aýlyk köpeldiljek habary dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň 25-30 dollara baryp, soňra 18 dollara çenli peselen we walýuta söwdasynyň töweregindäki jenaýatlaryň birnäçesiniň açylan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.