Üç hepde mundan ozal Owganystanyň Badgys welaýaty bilen Mary – Serhetabat (ozalky Guşgy) – Tagtabazar türkmen serhedinde ýüze çykan atyşykda 25-e golaý türkmen esgeriniň wepat bolandygy habar berilýär. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy maglumat berdi.
Читайте также на русском
Onuň sözlerine görä, ölen esgerleriň üç sanysy balkanly, aglabasy daşoguzly bolup, olaryň jesetleri maşgalalaryna gowşuryldy.
Azatlygyň habarçysy synan esgerleriň hataryndaky daşoguzlylaryň at familiýalarynyň we salgylarynyň özünde bardygyny aýdýar.
Onuň maglumatlaryna görä, ilki owgan tarapyndan neşe söwdasy bilen meşgullanýandyklary öňe sürülýän toparlar türkmen harbylarynyň üstüne ot açýar.
“Serhediň owgan tarapyndan bikanun neşe gaçakçylary [diýilýänler] ilki 3 türkmen esgerini atyp öldürýär. Soňra serhet garnizonyndaky harbylar howsala yglan edýär we atyşyk başlaýar. 6 sagat dowam eden atyşykda onlarça türkmen esgeri ýaralanyp, 25 töweregi esger neşe söwdegärleri [diýilýänler] tarapyndan atylyp öldürilýär” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
“Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna waka barada hiç ýerde dil ýarmazlygy tabşyrypdyr” diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady hususan-da demirgazyk – günbatar Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýlary barada maglumat berdi.
“Badgys welaýatynda howpsuzlyk şertleri has ýaramazlygynda galýar. Badgys welaýatynda neşe gaçakçylarynyň hem hereket edýändigi aýdylýar” diýip, Myrady belledi.
Ol neşe gaçakçylary bilen jeňçileriň hyzmatdaşlyk edýändigi barada resmileriň maglumatlaryna salgylandy.
“Jeňçiler bilen neşe kontrabandaçylarynyň hyzmatdaşlyk edýändigi barada ýerli resmiler maglumat berýär. Mysal üçin, neşe gaçakçylygyndan, neşe önüminden jeňçiler salgyt alýar. Olar neşe söwdasyndan salgyt alyp, [kontrabandaçylara] goňşy ýurtlara neşe geçirmäge pursat döredýärler diýip maglumat berilýär” diýip, Myrady belledi.
Azatlygyň Kabuldaky habarçysy resmilere salgylanyp, günorta – günbatar Owganystanda 20-den köp ýaragly jeňçi toparlaryň hereket edýändigini sözüne goşdy.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy owgan serhedinde ýüze çykan çaknyşykda ölendigi aýdylýan esgerleriň jesetleriniň hossarlaryna demir tabytlarda gowşurylandygyny aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri türkmen-owgan araçäginde turan çaknyşykda wepat bolandygy öňe sürülýän türkmen esgerleri barada resmi beýanat ýaýratmady.
Azatlygyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrday owgan resmileriniň hem öňe sürülýän hadysa barada resmi maglumat ýaýratmandygyny belledi.
Ýatlasak, mundan ozal 2014-nji ýylyň fewral aýynda türkmen – owgan serhedinde çaknyşyk bolup, üç türkmen esgeri wepat bolupdy. Soňra şol ýylyň maý aýynda ýene-de şuňa meňzeş ölümçilikli wakanyň ýüze çykmagynyň yzýany Kabula eden saparynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow owgan hökümetinden serhetde asudalygy saklamak üçin çäre görülmegini sorapdy.
Galyberse-de, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty 2016-njy ýylyň maý aýynda türkmen-owgan serhedinde bolan atyşyklarda 27 sany türkmen esgeriniň öldürilendigini habar berdi.
2017-nji ýylyň iýul aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda, Eýranyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň serhetleriniň birleşýän çatrygynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän dört adamyň saklanandygyny habar berdi.
Türkmenistan bilen Owganystanyň araçäginiň uzynlygy 744 kilomtre deňdir.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan goňşusynyň üstünden Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gazgeçirijisi arkaly daşary ýurtlara gaz eksport etmegi göz öňünde tutýar.