Migrantlar Stambuldaky türkmen konsulhanasynda uzyn nobatlardan kösenýär

Stambul

Türkiýede dürli saý-sebäp bilen Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyna işi düşýän türkmen migrantlary soňky döwürlerde ençeme güne çekýän nobatlar sebäpli, ol ýerde işiniň bitmäni kösenýändigini habar berýär.

Adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosyna maglumat beren türke durmuşa çykan bir türkmen zenanynyň gürrüň bermegine görä, ol birnäçe günlükde kakasy ýaly türk raýaty bolan çagasyny Türkmenistana äkitmek üçin Stambuldaky konsullyga baranda, kabul edilýänleriň sanawynda tas 300-nji oruna ýazylandygyny we ondan soň öz nobaty ýetýänçä ençeme günläp gatnap, kynçylyk çekendigini gürrüň berýär.

“Nobatym ýetýänçä çagam bilen yssyda birnäçe gün konsulhana gatnap, gaty kynçylyk çekdim. Häzir Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň gapysynda üýşüp duran migrantlardan ýaňa ol ýerde edil ahyrzaman turan ýaly. Konsullygyň öňünde üýşen märeke sebäpli, eýýäm ol ýerde araçylar-da öz biznesine başlapdyr. Türkmen konsullygyndan bir resminama soramak üçin, 9 amerikan dollaryny tölemeli we ýanynda dollary bolmaýanlara araçylar şol ýerde 50 türk lirasynyň deregine ownuk 9 dollar öwrüp berýärler. Türkmenistandan talap edilýän resminamaň üçin berjek arzaň we doldurmaly kagyzlaryň üçin, sahypa başyna 1-2 türk lirasyny alýarlar. Konsullyga işi düşüp baranlar şeýdip türkmen resmilerinden we araçylardan gaty kösenýärler“ diýip, Stambuldaky türkmen konsullygyna gatnan migrant zenan öz başyndan geçirenlerini gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan lebaply, maryly we daşoguzly migrant ýaşlar bolsa Stambulda nikalaşmak üçin gerek bolan resminamany almaga nobata ýazylaýyn diýip, 3 günläp türkmen konsullygyna gatnandygyna garamazdan, ähli synanyşyklarynyň puja çykandygyny gürrüň berýärler. Stambulda öýlenjek bolýan migrant ýaşlar indi konsulhananyň töwereginde üýşüp ýatan beýleki migrantlar ýaly, ýany bilen "azygyny we ýorgan-düşegini“ alyp baryp, şol ýerde gije-gündiz nobata garaşmakdan başga çäräniň galmandygyna ünsi çekýärler.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan bir türkmenistanly aýal migrant hem ýokarda agzalýan ýagdaýyň dogrudygyny tassyklap, çagasy bilen familiýasynyň näme üçin tapawutlydygyna düşündiriş hatyny almak üçin, Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyna baranda özüniň hem uzaga çekýän nobatlar sebäpli gaty kösenendigini gürrüň berýär.

Ol uzaga çekýän nobatlaryň üstesine konsulhananyň işgärleriniň hem öz raýatlaryna gaty gödek çemeleşip, migrantlaryň göwnüne degmegi we ýüzüni almagy olaryň hiç zatça görmeýändigini aýtdy.