Aşgabadyň birnäçe etraby 47 gradus yssyda üç günläp suwsuz galýar

Suw daşaýjy awtoulag Aşgabadyň ýaşaýjylaryna suw paýlaýar (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynyň birnäçe etrabynyň ýaşaýjylary 47 gradus yssyda üç günläp suwsuz galýarlar. Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, Parahat - 1 we Parahat 2 etrapçalarynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiligi 29-njy iýunda agşam sagat on töwereginde kesilipdir.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň 2-nji iýulda Parahat-2 etrapçasynyň ýaşajysy synçy Amanmyrat Bugaýew bilen gepleşen wagtynda agzalan etraplarda suw henizem ýokdy.

“Ine häzirem Aşgabatda suw berlenok. Emma iş güni bolansoň, adamlar iki-ýeke baryp häkimlige arz etdiler, 'Aşgabat agyz suwuna' hem bardylar” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew 2-nji iýulda öýlän gürrüň berdi.

Şol bir wagtda-da, Aşgabatda howanyň gyzgyny şu günler kölegede 47 gradusa ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň aýtmagyna görä, bu jaýlaryň suw üpjünçiligine jogapkär edaralarda, şol sanda 14-nji öý dolandyryş edarasynda we “Aşgabat agyz suw” döwlet edarasynda suwuň kesilmegine tehniki näsazlygyň sebäp bolandygyny aýdyp, ony düzetmek üçin çäre görülýändigini mälim edipdirler.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, 1-nji iýulda Parahat-2/1 etrapçasynyň käbir jaýlarynda öýlän sagat 12 töwereginde gysga wagtlyk, tas ýarym sagatlyk pes basyşly az mukdarly suw berlipdir, emma soň ýene-de öçüpdir. Şeýle-de, 2-nji iýulda öýlän Parahat-2/1 etrapçasynyň bir ýerinde suw daşaýan ulag bilen ýaşaýjylara suw eltilipdir we bu suw bir sagadyň dowamynda gutarypdyr.

“On tonnalyk suw daşaýjy awtoulagy getirdiler. Şoňa 300-350 adam nobata durdy, çagaçyklar hem durdy, olaryň ellerinde 1-1.5 litrlik plastmas gaplar bardy. Şu ýekeje maşyn üç günüň dowamynda berlen” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Amanmyrat Bugaýew belledi.

Türkmenistanyň paýtagtynyň jemgyýetçilik ýerleriniň we köçeleriniň infratrukturasynda ilatyň mugt agyz suwy bilen üpjünçiligi göz öňünde tutulmaýar.

Şäherde ozaldan bar bolan suwly çüwdürimleriň we ýol gyrasyndaky krantlaryň tas ählisi şäheri abadanlaşdyrmak, köçeleri giňeltmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde ýok edilipdi.

Şeýle ýagdaýda ýerli ýaşaýjylar özüni suw bilen özüçe üpjün etmeli bolýarlar.

“Aşgabat şäherinde seýilgähleriň käbirinde baglary damjalaýyş usuly bilen suwlamak üçin plastik turbalar geçirilen. Käbir adamlar çydap bilmän olary kesip, şondan suw aljak boldular. Ulaglylar baryp, şäheriň suw akýan ýerlerinden, howlulardaky krantlardan haýyş edip suw alýarlar, ýa-da bolmasa köçelerde fontanlar bar, şol ýüz fontana baryp suw alyp gelýärler”, diýip Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Türkmenistanyň paýtagtynda ýüzlerçe suw çüwdürimi guruldy we ýene gurulýar. Aşgabat eýýäm ozalky ýyllarda öz fontanlarynyň sanynyň dünýä derejesinde köpdügi boýunça hatda Ginness rekordlar kitabyna girdi.

Şol bir wagtda-da, Aşgabadyň ýaşaýjylary öz ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bilelikde agyz suwy satyn almagyň köpçülik üçin elýeterli däldigini belleýärler. Ýurtda harytlaryň gymmatlamagynyň fonunda gaba gaplanan agyz suwunyň nyrhy soňky bir ýylyň dowamynda üç esse gymmatlady.

Aşgabadyň ýaşaýjyş jaýlarynyň suw üpjünçiligi ýyllarboýy gowşaklygyna galýar. Mundan ozal suwuň kesilip durmagyndan daşary, onuň hiliniň pesdigi, ýaşaýyş jaýlara berilýän suwuň köplenç palçykly we çägeli sary reňkli gelýändigi, soňky wagtda şäheriň käbir böleklerine ak reňkli aşa hlorly suwuň gelip başlandygy habar berlipdi.