Eýranyň günorta-günbatarynda agyz suwunyň ýetmezçiligine garşy protest bildirýän ýüzlerçe demonstrasiýaçy polisiýa bilen çaknyşdy diýip, ýerli media habar berýär.
Döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugy 30-njy iýunda Tährandan 650 km uzaklykda ýerleşýän Horramşahr şäherinde toplanan protestçileriň eýran häkimiýetlerine garşy şygaralara gygyrnadyklaryny habar berýär.
Protestçileriň ofiserlere daş zyňmagy netijesinde polisiýa olara garşy göz ýaşardyjy gazlary pürkdi diýip, neşir ýazýar.
Döwlet telewideniýesi protestçileriň bir toparynyň tussag edilendigini, demonstrasiýaçylaryň käbiriniň ok atýan ýaragly bolandygyny aýtdy, emma tutulanlary sanlaryny aýtmady.
Içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli zorlukly hereketler netijesinde bir adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.
Eýranda şu ýylyň başyndan bäri agyz suwunyň bolmazlygy sebäpli birnäçe gezek protest bildiridldi.
Habarda pitneçiligiň käbir derejede gijesi bilen dowam edendigi aýdylýar.