Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň wise-prezidenti we baş redaktory Nenad Pežiç Daşkentde özbek resmileri, şol sanda prezident Şawkat Mirziýoýewiň metbugat sekretary Kamil Allamjonow bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbegistandaky işleriniň gerimini giňeltmek mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň metbugat wekili gepleşikleriň oňaýly geçendigini aýtdy. Emma, başga goşmaça maglumat bermedi.