“Türkmennebit” we “Türkmengaz” DK-leriniň başlyklarynyň orunbasarlary bellenildi

Berdimuhamedow dowam edýän ykdysady problemalaryň çäginde 2016-njy ýylda Nebit-gaz ministrligini ýatyrypdy.

Türkmenistanyň prezidenti “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlaryny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine Orazmyrat Kurenow we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine Ýazmyrat Muhammetmyradow bellendi.

Ýatlatsak, prezident Berdimuhamedow dowam edýän ykdysady problemalaryň çäginde 2016-njy ýylda Nebit-gaz ministrligini ýatyrypdy.

Türkmen lideriniň sözlerine görä, ol bu karara “nebit-gaz toplumyny dolandyrmagy mundanam beýläk kämilleşdirmek, umuman bu pudagyň işini has-da gowulandyrmak, hem-de maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen” gelipdir.

Ýatyrylan ministrligiň esasy wezipeleri Ministrler kabinetiniň başlygynyň nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň garamagyna berildi. Şeýle-de, ýatyrylýan ministrligiň käbir edaralary, degişliligi boýunça, “Türkmengaz”, ”Türkmennebit” döwlet konsernleriniň garamagyna geçirildi.