25-nji iýunda Radio Free Asia neşiri Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gaz söwdasynyň ugry, Hytaýyň energiýa “teşneligi” we oňa Merkezi Aziýadan barýan gazgeçirijileriň çäkli kuwwatlylygy barada makala çap etdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan 2016-njy ýylda Orsýete 2017-nji ýylyň başynda Eýrana gaz eksport etmegi bes edensoň, ol energiýa söwdasynda ýeke-täk alyjy hökmünde Hytaýa bil baglap gelýärdi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edýär. Öz gazyny Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi arkaly Günorta Aziýa, Hazaryň üstünden çekilmegi göz öňünde tutulýan geçiriji arkaly Trans-Anadoly gaz geçirijisine birigip, Ýewropa tebigy gaz eksport etmegiň “aladasyny edýär”.
Neşiriň maglumatynda aýdylmagyna görä, Hytaý gaz ýetmezçiliginden kösenýän wagty, Merkezi Aziýadan Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň çäkli kuwwatlylygy ýagdaýlary bökdeýär. Ýagny, bu geçiriji Hytaýyň energiýa “teşneligini” doly “gandyryp bilenok”.
Türkmenistan eksport edýän gazynyň mukdaryny, öz gezeginde Hytaý mawy ýangyjyň importyny mümkingadar artdyrmak isleýär, ýöne neşiriň ýazmagyna görä, ýurtlaryň arasyndaky gaz geçirijileriň kuwwatlylygy muňa sözüň doly manysynda rugsat bermeýär.
Maglumatda aýdylmagyna görä, şu ýyl Hytaý Merkezi Aziýadan çekilen geçirijiniň kuwwatlylygyndan 93 %-e çenli peýdalanmagy maksat edinýär. Bu diýmeklik, Özbegistan we Gazagystan bilen bir hatarda Türkmenistanyň Hytaýa gaz üpjünçiligini artdyrmaga mümkinçilikleri bolar.
Ýyllyk 55 milliard kub metr kuwwatlylygy bolan geçirijiden 51.37 milliard kub metr gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar. Habarda aýdylmagyna görä, bu mukdar 2019-njy ýylda geçirijiniň kuwwatlylygyndan tas doly peýdalanyljakdygyna alamatdyr.
Neşir Azerbaýjanyň “Turan” maglumat agentligine salgylanyp, şu ýyl Hytaýyň Türkmenistandan import edýän gazynyň mukdaryny 38.7 milliard kub metre çykarmagy göz öňünde tutýandygyny habar berýär. Mundan ozal, Merkezi Aziýa gaz geçirijisinden akdyrylýan gazyň umumy mukdary 38.7 milliard kub metre barabardy.
Gaz geçirijiniň kuwwatlylygy bilen bagly mümkinçilikleriň çäkli bolmagy Hytaýyň Türkmenistandaky inwestisiýalaryna oňaýsyz täsir eder diýip, neşir ýazýar. Soňky on ýylyň dowamynda Hytaý Türkmenistanda dürli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýar.
“Dünýäden üzňe [Türkmenistanda] dünýäniň iň uly gaz känleri ýerleşýär, ýöne ol gaz söwdasynda diňe Hytaýyň bazarlaryna garaşlydyr... Resmi maglumatlara görä, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrjak gaz geçiriji 2020-nji ýylda işe girer, ýöne iş ýüzünde bu taslama bu golaýda işjeňleşmez” diýip, makalada aýdylýar.
Geçirijiniň "D" şahasy
Merkezi Aziýadan Hytaýa çekilen geçiriji “A”, “B” we “Ç” ugurlary arkaly gaz akdyrýar. Bu halkara geçirijiniň düzümine “D” şahasynyň goşulmagy babatda degişli taraplar iş alyp barýar.
Radio Free Asia neşiriniň maglumatyna görä, gazgeçirijiniň “D” şahasyny gurmak barada 2013-nji ýyldan bäri iş alnyp barylýar, ýöne bu şahanyň gurluşygy gaýta-gaýta yza süýşürildi.
Resmi maglumatlara görä, ilkibaşda bu şahanyň gurluşygynyň 2016-njy ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýardy, ýöne soňra bu 2020-nji ýyla süýşürildi. Has soňky maglumatlara görä, indi bu ugruň 2022-nji ýylyň aýagynda işi girizilmegine garaşylýar.
Gaz geçirijiniň “D” ugrunyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanyň Hytaýa gaz eksportynyň möçberini artdyrmaga mümkinçiligi bolar.
Merkezi Aziýadan çekilen gaz geçirijiden Hytaýa akdyrylýan gazyň mukdary geçen ýanwar aýynda öňküsinden tas iki esse azaldy. Muňa Türkmenistandaky “gaz enjamlarynda ýygy-ýygydan ýüze çykan nogsanlyklar” sebäp boldy diýip, Hytaýyň CNPC Milli nebit kompaniýasy şol döwürlerde ýaýradan beýanatlarynda aýdypdy.
British Petroluemyň (BP) energiýa boýunça ýaýradýan ýyllyk statistiki hasabatynda geçen ýyl Türkmenistanyň gaz önümçiligi 7.1 % pese gaçyp, jemi önümçilik ýylyň dowamynda 62 milliard kub metre barabar boldy. Hasabatda aýdylmagyna görä, bu soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň gaz önümçiligindäki ilkinji pese gaçyşlykdyr.
BP-niň 2018-nji ýylda ýaýradan Bütindünýä energiýa hasabatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň gaz gorlarynyň jemi 19.5 trillion kub metre barabar bolup, bu görkeziji dünýäniň jemi gaz gorlarynyň 10.1 %-ni düzýär.