Mugallymlar prezidentiň doglan güni geçiriljek çärelere gatnaşmaga mejbur edilýär

Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň birine gatnaşýan býujet işgärleri we studentler

Türkmenistanyň Aşgabat şäherindäki we Mary welaýatyndaky mugallymlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda belleniljek doglan güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur edilýär.

Читайте также на русском

Türkmenistanda ykdysady krizisiň barha duýulýan şu günlerinde ýurtda geçirilýän çäreleriň we ol çärelere taýýarlygyň hem ozalkysyndan artýandygy has göze ilýär.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran Büzmeýin şäherinden bir mugallymanyň aýtmagyna görä, bu şäherde bar bolan edara-kärhanalaryň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň işgärlerini, mekdep mugallymlaryny şu günler üznüksiz çärelere taýýarlyga çekýärler.

“Dynç alşa çykan mugallymlara hem dynç ýok. Her gün säher sagat 4-de turup 25-kilometrlik ýol geçip, Aşgabada gitmeli bolýarys. Sebäbi çärelere görülýän taýýarlyklar Aşgabat şäheriniň seýilgählerinde, medeniýet merkezlerinde geçirilýär. Gün günorta bolýança çärelere taýýarlykdan biz halys ýadaýarys. Surnugyp özümizi öýe atýarys. Ne öýüň işlerine elimiz degýär, ne çagalarymyzyň terbiýesine elimiz degýär. Gyşa taýýarlamaly azyk önümlerini konserwirlemegä beýlede dursun, olara gerek bolan şeker, ýag ýaly gyt bolan azyk harytlaryny nobata durup satyn almaga hem elimiz degmeýär” diýip, mugallyma zenan gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, çärelerden surnugyp çykýarsyň. Ir turup ukudan galsaň, günortadan soňra hiç zada ýarawlygyň bolmaýar. Bu ýagdaý bolsa indi iki aýdan bäri günde gaýtalanýar. Şol bir zatlar. Birmeňzeş milli egin-eşik geýip, telewideniýä düşmek üçin berilýän görkezmeleri gaýtalap-gaýtalap ýerine ýetirmek, işgärleriň indi aňyna zeper ýetirip ugrady.

“Iş ýeriň bilen hoşlaşmajak bolsaň, görkezmä boýun bolmaly bolýarsyň. Çärelere taýýarlyklar ýyl boýy hem gutarmaýar. Edara-kärhanalarda işler ýatyp galdy. Ondan beter öý-hojalyk işlerimiz ýatyp galdy. Ýylyň dowamynda geçirilýän baýramçylyklaryň yzy üzülmeýär. Birinden dynsaň beýlekisine taýýarlyk görlüp başlanýar. Emeldarlar indi ähli zady başlaryndan aýlap urdular. Olaryň özleriniň şadyhorramlykda günleri geçse bolany. Beýleki işgärleriň öýi barmy, çagasy barmy, hojalygy barmy ol zatlar ýatlaryna düşenok. Şu çärelerden näme lezzet alýandyklaryny hem, weli bolsaň-da düşer ýaly däl” diýip, mugallyma zenan häzirki görülýän taýýarlyklaryň şu aýyň aýagynda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we döwlet ýolbaşçysynyň doglan güni mynasybetli geçirilýändigini hem sözüne goşýar.

“Iki aý öňünden görülýän taýýarlyklary bolsa senäniň bellenilen güni, hamana, şol pursatda telewideniýä düşürilen ýaly edip, tomaşaça hödürlärler. Emma bu ýasamalyklaryň nä derejede gözçykgynçdygyny ol taýýarlyklary başdan geçirýän adamlar bilýärler. Bu taýýarlyklar üçin görkezme berilýän milli egin-eşikler üçinem, çagalaryň agzyndan kakyp, aýlygymyzyň belli bir bölegini sarp etmeli bolýarys” diýip, ol janygýar.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň mekdep mugallymlary hem özleriniň şu çärelerden bizar bolandyklaryny aýdýarlar.

“Mary şäheriniň golaýynda Ak öý gurlaly bäri bir aýagymyz şol Ak öýde çärelere taýýarlykda. Işiň barada soralmaýar. Maşgalaňa ýetişigiň, çaga berip biljek terbiýäň barada soralmaýar. Emma çärelere taýýarlyga barmasaň, senden sorag gaty ula ýazýar” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýene bir mekdep mugallymy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Mary şäheriniň we onuň golaý-goltumyndaky oba mekdepleriniň mugallymlary Ak öýe gatnap, çärelere taýýarlyk görmäge mejbur edilýärler. Ýol kireýi, çärelerde geýilmeli milli egin-eşikler, welosiped çäresi üçin sport egin-eşigini satyn almak üçin harçlanan pullaryň hasabyny hem ýitirdik. Welosiped çäresine gatnaşjaklar üçin welosiped satyn almaga hem mugallymlardan 50 manatdan pul ýygnaldy.

“Iýjek çöregimize ýetirinip bilmesek-de, görkezme bilen tikdirilýän egin-eşigi satyn almaga mejbur bolýarys. Asyl işlär ýaly bolmady. Ýurtdan gaçyp gitmäge emeldarlaryň özi ilaty mejbur edýärler. Haçan şu çärelerden dynmagyň ýoly tapylarka” diýip, bu kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan mugallymlar aýdýarlar.