Türkmenistanda manadyň bikanun konwertasiýasyny amala aşyrmakda aýyplanandygy aýdylyp, tussag edildi diýilýän raýatlaryň we howpsuzlyk gulluklarynyň derňewiniň dowam edýändigi habar berilýär. Bu barada ýagdaýdan habarly Azatlygyň güýç gulluklaryna ýakyn çeşmesi 19-njy iýunda maglumat berdi.
Читайте также на русском
“Konwertasiýa bahanasy bilen saklanan raýatlaryň we işgärleriň derňewi dowam edýär. Gynansagam, işi alyp barýan işgärler, hemişe bolşy ýaly, saklananlary gynamaga, [aýyplamalary] zor bilen boýun aldyrmaga synanyşýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Güýç gulluklaryndaky çeşme soraga çekilende Milli howpsuzlyk ministrliginiň tussag edilen 47 ýaşly ýokary wezipeli resmilerinden biriniň gynamalara çydap bilmäni ölendigini öňe sürdi. Azatlyk Radiosynda soraga çekilende ölendigi aýdylýan ýokary wezipeli kanun goraýjy gullugyň işgäriniň maglumatlary bar, ýöne bu maglumaty ikinji çeşmä tassyklatmak synanyşygy häzirlikçe netijesiz bolansoň, Azatlyk onuň maglumatlaryny aýan etmekden saklanýar.
“Gynansagam, MHM-niň gynamalara çydamadyk işgäri tussag astynda wepat boldy. Belki-de, ýokarky ýolbaşçylaryň haýyşlaryny hem-de buýruklaryny bilýändigi üçin öldürildi” diýip, Azatlygyň çeşmesi öňe sürdi.
Häzirki wagtda gozgalandygy aýdylýan bu iş boýunça Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň derňew işlerini alyp barýandygy öňe sürülýär.
Ýatlasak, Aşgabatda döwlet manadyny daşary ýurt walýutasyna bikanun konwertasiýa etmekde aýyplanyp, käbir telekeçiler, bank işgärleri hatda Milli howpsuzlyk gullugynyň käbir işgärleri hem jogapkärçilige çekiljege meňzeýär diýip, 14-nji iýunda Azatlygyň çeşmesi maglumat beripdi.
“Aşgabatda 10-dan gowrak telekeçi, 20-den gowrak bank pudagynyň işgärleri döwlet manadyny daşary ýurt walýutasyna bikanun konwertasiýa etmekde aýyplanyp saklandy. [Bu çäreleri] beýleki tutha-tutluklardan tapawutlandyrýan ýagdaý, bu gezek maliýe pudagyna gözegçilik edýän Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri hem jogapkärçilige çekiljege meňzeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşme belläpdi.
Ol gürrüňe dowam edip: “[Tussag edilenleriň hatarynda] Merkezi bankyň we Ykdysadyýet ministrliginiň Howpsuzlyk gullugyndaky gözegçilik bölüminiň başlygy Şamyrat Rejepowy, telekeçilere ygtyýarnama we degişli rugsatnamalaryň berilmegine gözegçilik edýän bölümiň başlygy Annaberdi Rahymow dagylary agzap geçse bolar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýagdaýdan habarly hökümete ýakyn çeşmäniň maglumatlaryna görä, Howpsuzlygyň işgärlerine-de baryp ýetendigi öňe sürülýän tutha-tutlugyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) 3 orunbasarynyň wezipeden aýrylmagynyň yzýanyna gabat gelmegi, dollar ýetmezçiliginiň töweregindäki kynçylyklaryň agzalan adamlara ýüklenmek ähtimallygyna alamatdyr.
“Geçen hepde MHM-de Öwez Hydyrow, Maksat Garaýew we Döwlet Baýmyradow Merkezi dolandyryş edarasyndan uzaklaşdyrylyp, başga bölümlere geçirildi. Bu bolsa Mulikowyň işde goýberen kemçilikleri üçin yzly yzyna 3 gezek “berk käýinç” almagynyň yzýanyna gabat geldi” diýip, çeşme güýç edaralarynyň arasyndaky mümkin bolan “basdaşlygy” ýaňzytdy.
Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, bikanun konwertasiýa bilen bagly käbir raýatlara we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerine garşy gozgalandygy öňe sürülýän derňew işini Içer işleri ministrliginiň işgärleri alyp barýar.
Maglumat üçin aýdylsa, 13-nji iýunda prezident Bedimuhammedowyň baştutanlygynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşinde ýurduň güýç gulluklarynyň guramaçylyk işlerine garalyp, kadr çalşygy geçirildi. Şonda ýurduň 2016-njy ýylyň martynda wezipä bellenen howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramow işden boşadylypdy. Şol bir wagtyň özünde, ýygnagyň dowamynda mundan ozal birnäçe gezek “käýinç” alan içeri işler ministri Isgender Mulikowyň harby çini beýgeldilipdi.