Türkmenistanda harytlaryň bahasy telim esse gymmatlady, ozal 50 teňňelik otly çöp häzir 7 manat

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ykdysady krizisiň barha ýitelmegi bilen, azyk we senagat harytlarynyň, şeýle-de gurluşyk materiallarynyň hem-de hojalyk harytlarynyň bahalary ep-esli ýokarlandy. Azatlygyň habarçysynyň Daşoguz welaýatynyň bazarlaryndaky bahalara ser salyp, 18-nji iýunda ugradan maglumatynda munuň şeýledigini görmek bolýar.

Читайте также на русском

“Daşoguz welaýatyndaky ähli bazarlarda gymmatçylyk dowam edýär we dollaryň “gara bazardaky” bahasy ýene-de gymmatlap başlady” diýip, habarçy iberen maglumatynda belleýär.

Onuň sözlerine görä, harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen bir hatarda olaryň gytçylygy hem duýulýar.

“1 kilogram şeker 18-20 manada durýar. Döwlet dükanlarynda şeker umuman ýok” diýip, habarçy ýazýar.

“Etiň 1 kilogramynyň bahasy 30 manat, süňksüz et 42 manat. “Oleýna” atly günebakar ýagynyň 5 litrlik gabynyň bahasy 160 manada durýar emma bu ýagy satyn alyp bilýän daşoguzly tas ýok diýen ýaly” diýip, Azatlygyň Daşoguzyň bazarlaryndaky bahalary öwrenen habarçysy belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä tüwiniň 1 kilogramynyň bahasy 13 manat, mäş-noýbanyň 1 kilogramy 22-30 manat.

“1 kilogram pomidor 8-10 manat, käşir 6 manat, 2 aý mundan ozal bahasy 20 manat bolan iň arzan türkmen şokolodynyň 1 kilogramynyň bahasy häzir 86 manada durýar. Bir aý mundan ozal 60 manada duran hindi gara çaýy häzirki wagtda 124 manada durýar” diýip, ol belleýär.

“Daşoguzda 1 litrlik “Coca-Cola” 18 manada durýar, ýöne ony tapmak kyn” diýip, Azatlygyň habarçysy bu önümiň gytçylygyna ünsi çekýär we ol Türkmenistanda öndürilen 1.5 litrlik “Berzeňňi” mineral suwunyň bahasynyň 6 manatdygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Azyk-harytlarynyň bahalary baradaky maglumatlary ýetiren habarçy senagat harytlarynyň nyrhlary bilen bagly gymmatçylyk boýunça gürrüňe dowam edýär.

“ ‘Ariel’ kir ýuwujy serişdesiniň 500 gramlygynyň bahasy 2 aý mundan ozal 13 manatdy, häzirki wagtda onuň bahasy 43 manada ýetdi. Iň arzan ‘Colgate’ diş pastasy ozallar 5-6 manatdan ýokary bolmazdy, häzir şolaryň bahasy 25 manada çykdy. Şampun hem gymmatlady. 400 gramlyk ‘Head & Shoulders’ 55 manada durýar” diýip, habarçy belleýär.

Senagat harytlarynyň bahalary baradaky maglumatdan soň, hojalyga zerur bolan elektroniki enjamlaryň bahalary boýunça gürrüňe dowam eden habarçy hojalyk harytlaryndaky görnetin gymmatçylygy takyk sanlar bilen düşündirdi.

“Hojalyk tehnikalary tas 600 % töweregi gymmatady. 6-8 aý mundan ozal bahasy 1600 manada duran “Vestel” holodnilnikleriň, ýagny sowadyjylaryň bahasy häzirki wagtda 10000 manada çykdy. 43 inçlik ýasy ekranly “LG” telewizorlaryň bahasy mundan ozal 1500 manada duran bolsa, olar häzirki wagtda 7000 manatdan bahalanýar” diýip, habarçy hojalyk harytlarynyň nyrhlary boýunça jikme-jik maglumat berdi.

Ol bu gymmatçylygyň gyz çykaryp, ogul öýerýän maşgalalara has-da içgin täsir edýändigini toý edýän maşgalalara salgylanyp aýratyn belledi we gurluşyk harytlarynyň bahalary boýunça gürrüňe dowam etdi.

“Käbir gurluşyk harytlary 700 % gymmatlan bolsa, olaryň käbiri 1000 % gymmatlady. Mysal üçin, geçen ýyl 24 manada duran metal çerepisa, ýagny üçek basyrylýan material häzir 230 manada ýetdi. Türkmenistanyň özünde öndürilýän 4x2 ölçegli demir profiliň 6 metri 250 manada çykdy, ol ozallar 35 manatdan bahalanýardy” diýip, habarçy belledi.

“1 guty otly çöp ozal 50 teňňedi, häzir şonuň bahasy 7 manada çykdy” diýip, habarçy sözüni jemledi.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär. Ýöne, Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylaryň gymmatçylykdan şikaýat edýän wagty, ýurduň resmileri we döwlet mediasy bu barada kelam agyz gürrüň etmeýär.