Türkmen-özbek serhet geçelgelerindäki haryt dolanyşygyna 'çäklendirme girizildi'

Türkmen-özbek serhet geçelgesi

Demirgazyk Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhet geçelgelerinde täze çäklendirmeler öz güýjüne girýär.

“Häkimiýetler türkmen-özbek serhet geçelgelerinden syýahat, söwda we ýaşaýyş wizasy bar raýatlaryň araçäkden haryt geçirmeklerine gadagançylyk girizdi. Bu ýagdaý tölegli wiza bilen haryt gatnadýan raýatlaryň girdejilerine uly zarba urdy” diýip, Azatlygyň habarçysy 15-nji iýunda maglumat berdi.

Gadagançylygy girizen döwlet strukturalary barada maglumat bilen gürrüňe dowam eden habarçy Daşoguzyň welaýat häkimliginiň hem-de “organ” işgärleriniň bu çäklendirmelere gözegçilik edýändigini aýtdy.

“[Serhet geçelgelerindäki] harytlaryň dolanyşygy Türkmenistana Özbegistandan dollaryň girmegine ýol açypdy emma, gynansak-da, indi Daşoguzyň işsiz halkyny çörekden kesdiler” diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy Türkmenistana Hytaýdan getirilen elektrotehnikalary türkmenleriň Özbegistana geçirip, her bir raýatyň 2500 amerikan dollary möçberindäki maliýe serişdesini ýurda girizmäge mümkinçilik berýärdi, şol bir wagtyň özünde agzalýan biznes bilen meşgullanýan raýatlar döwlete wiza proseduralary bilen bagly paç töläp, döwletiň gaznasyna-da goşant goşýardy.

“Gynansak-da, bu girdejili işiň soňy bolmady” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýatlasak, şu ýylyň 23-24-nji aprel günleri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistanda bolup, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça degişli ylalaşyklara gol çekilipdi. Ýöne, agzalýan gepleşikleriň gün tertibine serhet geçelgelerindäki haryt dolanyşygyny düzgünleşdirmek meseleleriniň girizilip girizilmändigi resmi beýanatlarda agzalmady.

Resmi saparyň dowamynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň araçäklere golaý regionlarynda ýaşaýan halklarynyň serhet geçelgeleriniň düzgünleriniň gowşadylmagy barada umyt edendiklerini Azatlyk Radiosy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar beripdi.

Azatlyk Radiosy bu barada serhediň özbek tarapyndan taryhçy Nemat Polwonow bilen 23-nji aprelde söhbetdeş bolanda, ol adamlaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gelim-gidime edilýän gözegçiligiň gowşadylmagyna umyt bildirýändigini aýdypdy.

“Serhediň üstünden päsgelçiliksiz gelim-gidim bolsa, alyş-çalyş bolsa...[gowy bolardy]. Sebäbi biziň gelip çykyşymyz bir, dinimiz bir, dilimiz bir... Halklar birek-biregi mydama gowy görýär. Biz uly umyt bilen garaşýarys!” diýip, ol aýtdy.

Yza ser salsak, XX asyryň birinji çärýeginde Merkezi Aziýada Sosialistik respublikalar ýokdan bar edilende täze döredilen Türkmenistan SSR-i bilen Özbegistan SSR-niň arasyndaky çäkler aýdyňlaşdyryldy. Ýöne aradan ýedi onýyllygyň geçip, 90-njy ýyllaryň başynda ýurtlara garaşsyzlygyň berlendigine garamazdan, iki ýurduň arasyndaky serhet gümürtikligi tä 2004-nji ýyla çenli dowam etdi. 2004-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi iki ýurduň arasyndaky serhet gümürtikliginiň aýdyňlaşdyrylandygyny yglan etdi.

Ýöne häli bu güne çenli iki ýurduň arasynda serhet meseleleri boýunça döredilen Hökümetara işçi topary araçäkleri bellemek boýunça duşuşyklary gurnap gelýär. Meselem, agzalýan Hökümetara komissiýanyň duşuşygy 2017-nji ýylyň 1-6-njy dekabr aralygynda Daşoguzda, 2018-nji ýylyň 2-nji aprel güni Türkmenabat şäherinde geçirildi diýip, Özbegistanyň Daşary işler ministrligi ýaýradan degişli beýanatlarynda aýdýar.

Türkmen-özbek serhediniň uzynlygy 1621 kilometr bolup, ol Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň serhet çäklerini öz içine alýar.

Iki ýurduň serhet geçelgelerindäki haryt dolanyşygyna girizilendigi öňe sürülýän gadagançylyk barada türkmen resmileri henize çenli çykyş etmedi.