Bugdaý orulýar, emma un-çörek gytçylygy dowam edýär

Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň ekin meýdanlarynda bugdaý orulýar, emma etraplaryň ýaşaýjylarynyň un-çörek ýetmezçiliginiň ozalkysyndan hem artýandygyny görse bolýar.

“Bu ýyl bugdaý oragy Mary welaýatynda 6-njy iýundan başlanmaly diýlip, döwlet ýolbaşçysy tarapyndan görkezme berlen bolsa-da, Ýolöten etrabynyň käbir daýhan birleşiklerinde eýýäm maý aýynyň 25-den başlap, heniz bişip ýetişmedik gök bugdaýy orup başladylar” diýip, Ýolöten etrabynyň öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, etrabyň jogapkär ýolbaşçylary bugdaý ekilen meýdanlary bugdaýdan bahymrak boşadyp, onuň yzyna pagta ekmekligi planlaşdyrypdyrlar. Sebäbi bu ýyl suw ýetmezçiligi sebäpli kärendeçileriň köpüsiniň ýerlerine pagta ekilmän galdy.

“Etrabyň çäginden geçýän Murgap derýasynyň maý aýyndaky güýçli ýagan ýagynlar sebäpli sil suwlaryndan dolmagy bilen, giçki bolsada pagtadan az-owlak hasyl alyp boljagyna umyt baglaýan emeldarlar, ekin meýdanlaryny bugdaýdan boşadyp, onuň ýerine pagta ekmegi planlaşdyrdylar. Öňi-soňy bu ýyl bugdaýdan geregiçe hasyl alyp bolmaýar. Wagtynda ýagyn az ýagyp, ýaplardan hem geregiçe suw içip ýetişmedik bugdaýlarda geregiçe hasyl ýok diýip, heniz barja hasylyň hem bişip ýetişmegine garaşman bugdaýy göklügine ordular” diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, göklügine orlan bugdaýlar soňra heňläp, ondan öndürilen unlar hem hatda mal iýmlerine hem ýarymsyz bolýar. Emma emeldarlar hiç bir zat üçin jogapkärçilik duýmaýarlar. Eden-etdilik bilen daýhanlaryň hiç bir girdejisiz galmagyna sebäp bolýarlar.

Bugdaý ekýän kärendeçiler öz ýetişdiren hasylynyň eýesi bolup bilmeýärler. Häzirki bugdaý oragy döwründe kombaýnlara wideokameralar hem oturdylyp, etraplaryň ähli jogapkär emeldarlary, häkimlikleriň işgärlerinden, prokuratura, kazyýet işgärlerinden düzülen toparlar bugdaý oragyna berk gözegçilik edýärler.

“Şeýle edenleri bilen bitmedik hasyl, öz-özünden köpeler diýip pikir edýärmikänler” diýip, Ýolöten etrabynyň öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýdýar.

Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, kombaýnlar bugdaý meýdanlarynyň içinden geçip gidýärler. Onuň yzynda diňe tozan görünýär. Kombaýnlaryň çelegine bugdaý düşýärmi ýa ýok, ony hatda kärende eýesi hem doly görüp ýetişmeýär. Kähalatlarda kärendeçi özüniň ýetişdiren bugdaýynyň orulýandygyndan hem habarsyz galýar.

“Şeýle toparyň gözegçiligi bilen orulýan bugdaýyň belli bir bölegi hem, ekin meýdanlarynyň gyralaryna dökülýär. Sebäbi kombaýnlaryň käbirleriniň bugdaýy eleýän enjamlary bugdaý üçin däl-de, mekgejöwen üçin niýetlenen enjamlar. Ol enjamlardan bugdaý dökülip, zaýa bolýar. Emma bu zaýaçylyklar üçin hem hiç bir emeldar jogapkärçilik çekmeýär. Olaryň bar bileni-biteni, aç daýhanlar taýýar hasyldan özüne bir zat alaýmasynlar diýip, gözegçiligi güýçlendirýärler” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Bugdaýyň orlup başlanandygyna eýýäm 3 hepde wagt geçen bolsa-da, Ýolöten etrabynyň un-çörek ýetmezçiliginden kösenýän ilatynyň durmuşynda hiç bir gowulygyň ýokdugyny görmek bolýar.

“Baýraç obasynyň ýaşaýjylary iýun aýynyň ortasynda maý aýy üçin berilmeli un normasyny aldylar. Bütin maý aýy çöreksiz oturdyk. Gurbumyzyň çatdygyndan gymmat bahaly gazak unundan satyn almaga mejbur bolduk. Ony hem her gün satyn almaga serişdämiz bolmady. Indi iýun aýynyň normasyny haçan alyp biljegimiz belli däl” diýip, Baýraç obasynyň ýaşaýjylary zeýrenýärler.

Döwlete degişli çörek dükanlarynda bolsa, bir ele iki buhanka çörek berilýär. Ony hem oba ýerlerinden etrap merkezine gidip aljak bolsaň, ýol kireýi bilen çöregiň bahasy hem gazak ununy satyn alanyňdan arzan düşmeýär diýip, etrap häkimlikleriniň hiç bir, şol sanda ilata aýda adam başyna 5 kilogramdan berilýän un normasyny hem kösenmän almaklary üçin gözegçilik etmeýändiklerini hem ýaşaýjylar aýdýarlar.