Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň manada bolan ynjyk gatnaşygynyň fonunda, Aşgabatda döwlet manadyny daşary ýurt walýutasyna bikanun konwertasiýa etmekde aýyplanyp, käbir telekeçiler, bank işgärleri saklandy we hatda ilat arasynda “eldegirmesiz” hasaplanýan Milli howpsuzlyk gullugynyň käbir işgärleri hem jogapkärçilige çekiljege meňzeýär. Bu barada Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, düýn 13-nji iýunda prezident Bedimuhammedowyň baştutanlygynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşinde ýurduň güýç gulluklarynyň guramaçylyk işlerine garalyp, kadr çalşygy geçirildi. Şolaryň hatarynda Milli howpsuzlyk ministri wezipeden boşadyldy.
“Aşgabatda 10-dan gowrak telekeçi, 20-den gowrak bank pudagynyň işgärleri döwlet manadyny daşary ýurt walýutasyna bikanun konwertasiýa etmekde aýyplanyp saklandy. [Bu çäreleri] beýleki tutha-tutluklardan tapawutlandyrýan ýagdaý, bu gezek maliýe pudagyna gözegçilik edýän Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri hem jogapkärçilige çekiljege meňzeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşme belledi.
Çeşme Howpsuzlyk gullugynyň maliýe pudagyna gözegçilik edýän bölümlerindäki soňky ýagdaýlar baradaky gürrüňe dowam edip, şeýle diýdi: “[Olaryň hatarynda] Merkezi bankyň we Ykdysadyýet ministrliginiň Howpsuzlyk gullugyndaky gözegçilik bölüminiň başlygy Şamyrat Rejepowy, telekeçilere ygtyýarnama we degişli rugsatnamalaryň berilmegine gözegçilik edýän bölümiň başlygy Annaberdi Rahymow dagylary agzap geçse bolar”
Ýagdaýdan habarly hökümete ýakyn çeşmäniň maglumatlaryna görä, Howpsuzlygyň işgärlerine-de baryp ýetendigi öňe sürülýän tutha-tutlugyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) 3 orunbasarynyň wezipeden aýrylmagynyň yzýanyna gabat gelmegi, dollar ýetmezçiliginiň töweregindäki kynçylyklaryň agzalan adamlara ýüklenmek ähtimallygyna alamatdyr.
“Geçen hepde MHM-de Öwez Hydyrow, Maksat Garaýew we Döwlet Baýmyradow Merkezi dolandyryş edarasyndan uzaklaşdyrylyp, başga bölümlere geçirildi. Bu bolsa Mulikowyň işde goýberen kemçilikleri üçin yzly yzyna 3 gezek “berk käýinç” almagynyň yzýanyna gabat geldi” diýip, çeşme güýç edaralarynyň arasyndaky “basdaşlygy” ýaňzytdy.
Azatlygyň paýtagtdaky ikinji çeşmesi dollaryň gara bazardaky söwdasynda soňky 10-15 günüň içinde dörän böwşeňleme barada gürrüň berdi. Gaý-harasatdan öňki ümsümlige meňzeýän gara bazardaky dollar tolgunyşygy, çeşmäniň sözlerine görä, Ýörite gulluklaryň işgärleriniň “gara bazara” aralaşyp, dollar dellallaryndan alyp-satýan walýutalalarynyň sakasyny, gözbaşyny anyklamak synanyşyklary bilen utgaşdy.
Ýatlasak, 4-nji iýunda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň demirgazygynda “gara bazarda” 1 dollaryň bahasynyň 29 manada ýeten güni, paýtagtda bu nyrhyň tas 25-e golaýlandygyny habar beripdi.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 14-nji iýunda “gara bazarda” soňky günlerde haýallan dollar söwdasyndaky tendensiýalar barada gürrüň berdi:
“Aýyň 11-ne günüň ikinji ýarymyndan başlap, dollar söwdasy tas ýatyp galdy diýen ýaly. Il arasynda dollaryň uly mukdardaky lomaý söwdasyny edýänler, ýa-da dollardan para alyp, öz öýünde ýa-da başga ýerde gizlänler ele düşüpdir diýen gürrüňler tutuş ýurda ýaýrady. Bu gürrüňleriň fonunda, bazarlarda raýat eşiginde ýörite gulluklaryň işgärleriniň aýlanýandygy, olaryň dollar söwdasyny edýänleri mümkingadar ele salyp, özlerine kimiň howandarlyk edýändigini, hem-de nähili ýollar bilen beýle dollary manady alyp-satýandyklary dogrusynda maglumat toplaýandygy barada gürrüňler peýda boldy. Munuň netijesinde, gözleri gorkan adamlar söwda etmesini goýdular” diýip, ol aýtdy.
Azatlygyň paýtagtly habarçysy halk arasynda Ýörite gulluklaryň öz işgärleriniň öýlerinden millionlap dollarlaryň tapylandygy barada gürrüňleriň ýaýrandygyny habar berdi.
Ol ýurduň bank ulgamynda işleýän anonim çeşmelerine salgylanyp, banklarda alnyp barylýan derňewler barada-da maglumat berdi:
“Käbir banklaryň Walýuta bölümlerinde eýýäm barlaglaryň başlanandygy hakynda bankda işleýän tanyşlarymyz, elbetde atlandyrylmazlyk şertinde, gürrüň berýärler. Düýnden öňňinden başlap, banklaryň Walýuta bölümlerinde kime dollar nagt berlipdir, näme esasynda berlipdir, dollaryň gory-maýasy banklarda dogry saklanýarmy, we ş.m-ler barada barlag geçirilýär” diýip, habarçy belledi.
“Düýnki Howpsuzlyk mejlisinde şu zatlara aýdyňlyk giriziler öýdüp, adamlar juda sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Iň bolmanda nämeleriň bolup geçendigini umumy sözler bilen beýan ediler öýtdüler, ýöne ol diýilýänler bolmady. Diňe Howpsuzlyk ministri işden aýryldy. Onuň harby çini peseldildi. Ýöne il arasyndaky gyzyklanmalar welin dowam edýär” diýip, paýtagtly habarçy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.
Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan halkara synçylar, ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini belleýärler.
Dollaryň resmi kursy henizem 3.5 manatda saklanýandygyna garamazdan, onuň gara bazardaky bahasy telim esse ýokary galdy.