"Bu gidişine biziñ ykdysadyýetimiz hiç wagt ösmez!"

Mary, ekin meýdanyndan öýlerine gelýän oglan.

Hormatly Arkadag, bu gidişine biziñ ykdysadyýetimiz hiç wagt ösmez.

Dünýä boýunça, häzirki zamanda durmuşy, ýaşaýşy üpjün etmegiñ, ýagny ykdysadyýeti ýöretmegiñ iki sany ýoly bar. Bazar ykdysadyýeti we ýokardan dolandyrylýan ykdysadyýet.

Bazar ykdysadyýetinde öz bähbidini araýan adam jemgyýete-de peýda getirýär. Egin-eşik tikip satýan adam elbetde, ilkinji nobatda öz bähbidini araýar. Emma, beýleki adamlaram ondan satyn alyp eşikli bolýarlar, diýmek jemgyýetem peýda gazanýar. Beýle gurluşly jemgyýetde gatnaşyklar gorizontal görnüşde gurulýar. Ýagny, adamlar deñ hukukly bolup, birisi öndürýär, beýlekisi satyn alýar.

Emma, gynansagam şahsyýet bilen jemgyýetçiligiñ arasyndaky sazlaşyk biziñ ýurdumyzda gabat gelmeýär. Öz wezipesinden peýdalanyp, şol wezipäni eýelemek üçin eden çykdajysyny ödemek we has ulurak wezipäni satyn almak üçin para alýan adam, jemgyýete peýda getirenok, ol talañçylyk edýär.

Tikinçi bolmak bähbitli bolan jemgyýetler açyk jemgyýet bolýar. Talañçy bolmak bähbitli bolan jemgyýet bolsa ýapyk jemgyýet bolýar.

Her bir ýapyk jemgyýet ykdysady çökgünlige sezewar bolýar. Sebäbi hiç kimiñ önüm öndüresi gelenok. Her kim öndürijiniñ üstünden garamak isleýär.
Türkmenistanda tikinçi bolmak bähbitli däl. Türkmenistanda prokuror bolmak, polisiýa işgäri bolmak, salgyt inspektory bolmak bähbitli. “Hünarim bolsun, işläp abraý alaýyn” diýen düşünje “Girdejili ýere ýerleşeýin” diýen düşünje bilen çalşyrylýar. Önüm öndürip peýda gazanyp bolmaýan ýurtda hökman ykdysadyýet çökýär. Sebäbi iñ ýönekeýje önümçiligem ýola goýmak mümkin däl bolýar.

Sanitar gözegçilik, ýangyn gözegçilik, tehniki gözegçilik, döwlet standartlary... Hemmesine-de bermeli. Sebäbi şol wezipeli adamlaryñ hemmesi ozal şol wezipäni para berip satyn alan. İndem şol wezipeden gazanjaklar. İşe başlap başlamankañam milli howpsuzlyk, prokuratura we şoña meñzeşler gelip başlarlar. Hiç bolmanda, sen pylan işi bitirmek üçin pylankese para beripsiñ diýerler. Sebäbi para-peşgeşsiz ol işler edilmeýär, ony hemmeler bilýär. Sen boýun almasañ alma, alanyñ (hatda almadygam bolsa) boýnuna goýarlar. Onsoñ beýle döwletde önüm öndürmekden şol önümi import etmek peýdaly bolýar. İmport bolsa, iş ýerleriniñ azalmagydyr, işsizlikdir. Önümleri import etmek bilen biz, daşary ýurtlaryñ işçileriniñ zähmet hakyny töleýäris.

Ýurtda, şahsy bähbitleriñ jemgyýetçilik bähbitleri bilen utgaşýan, biri-birini ret etmeýän gatnaşyklary gurmaga çalyşmaly. Diñe şonda öseris. Diñe şonda bütin halkymyz hem, her bir raýatymyz hem hakykat ýüzünde erkin bolar.

Balkan Ýomudow

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.