Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän metjitlerde, hususan-da Daşoguzyň uly metjidinde ogurlyk hadysalary ýygjamlaşýar. Metjide barýan adamlaryň köwüşleri, el telefonlary, welosipedleri şeýle-de metjitleriň emläkleri, şol sanda gazanlar, ojaklar, dondur tahýalar ogurlanýar. Bu barada Azatlygyň howpsuzlykdan ätiýaç edýän anonim çeşmesi habar berýär.
Читайте также на русском
“15-nji iýun güni irden Türkmenistanda baýram namazy okalýar. Soňky wagtlarda Daşoguzyň metjitlerinde ogurlyk köpelýär. Metjitleriň emläkleri bilen bir hatarda, ol ýere namaz okamaga gelýän adamlaryň köwüşlerini we el telefonlaryny ogurlap başladylar. Beýleki welaýatlardaky, Ahaldaky, Marydaky, Balkan welaýatyndaky we Aşgabat şäherindäki metjitlerde-de ogurlyk hadysalary köpelipdir” diýip, çeşme şeýle hadysalara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp habar berdi.
“Ogrular metjidiň donlaryny, tahýalaryny we sadaka berilýän ýerdäki gazanlary, ojaklary we gap-çanaklary ogurlap başladylar” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi. Onuň sözlerine görä, metjitleriň ymamlary ogryny tutmak maksady bilen, ogrulanaýjak zatlara bellik goýduryp başladylar.
Metjide Oraza aýynda okalýan tarawa namazyny okamaga welosipedli barýan adamlaryň ulaglarynyň ogurlanýandygyny bellän çeşme: “Geçen hepde Daşoguzyň uly metjidinde tarawa okamaga tigirli gelen 5 adamyň tigirleri we 20-den gowrak adamyň täze köwüşleri ogurlanypdyr” diýip, şeýle kösençlikleri başdan geçirýän raýatlaryň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Ogurlyk hadysalarynyň ilat arasynda keramatly hasaplanýan ýerlerde ýygjamlaşmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada giňişleýin maglumatyň elýeterli däldigine garamazdan, çeşmämiz käbir ymamlaryň bu meselä çemeleşmeleri barada maglumat berdi.
“Şeýle hadysalaryň Mukaddes Oraza aýynda köpelmegini käbir metjitleriň ymamlary adamlaryň pälleriniň azmagy bilen düşündirseler, olaryň käbirleri bu meselä ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň täsiri hökmünde garaýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Şeýle-de, ol öňümizdäki Baýram namazynda ogurlyk bolmaz ýaly, Daşoguzyň metjitlerinde adamlaryň şahsy emläklerine seretmek üçin ýörite garawullaryň goýulmagynyň meýilleşdirilýändigini, regionyň çägindäki käbir dini ruhanylaryň sözlerine salgylanyp habar berdi.
“Bellemeli ýeri, heniz ogrularyň şahsyýetini anyklap bolmandyr” diýip, çeşme ýagdaýdan habarly tanyşlarynyň sözlerine salgylanyp aýtdy.
Gürrüňe dini mazmunly SMS-ler barada dowam eden söhbetdeşimiz: “SMS arkaly dini wagyz edýänleri Howpsuzlyk gulluklary soraga çekip başlady” diýdi.
Agzalýan SMS-leriň anyk nähili mazmundadygy bilen gyzyklanylyp gürrüňe dowam edilende, çeşme has giňişleýin maglumat berdi.
Gürrüňdeşimiz dini mazmunly ýazylan teksti “Şu SMS-i 7 adama ugratsaň geljegiň gowy bolar, ugratmasaň başyňa belalar geler” diýen ýaly görnüşde tekst ugradýan adamlaryň köpelýändigini, ýöne olaryň Howpsuzlykda soraga çekilýändigini aýtdy.
Esasan şeýle SMS-leri kimleriň näme sebäpden ugradýandygy bilen gyzyklanylanda, çeşme bu tekstleri hususan-da ýaşlaryň, onda-da dine düşünmeýän ýaşlaryň ugradýan bolmagynyň ahmaldygyny çaklady.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki resmi metbugatynda metjitlerde dörändigi aýdylýan köwüş ogrulary barada, ýa-da ýaşlaryň arasynda “7 adama ugradylanda bagta ýetirýändigi, ugratmadygyň bagtyny ýatyrýandygy” öňe sürlüp meşhurlyk gazanýan dini mazmunly SMS-leri paýlaşýanlaryň duçar bolýan howpsuzlyk gürrüňdeşlikleri barada maglumat berilmeýär.
Ýöne çeşmäniň sözlerine görä, käbir ymamlar köwüş ogrulary bilen bagly hadysalary ýurtda dowam edýändigi öňe sürülýän ykdysady kynçylyklar bilen bagly bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar. Ýerli synçylar soňky döwürlerde ýaşlaryň arasynda dini mazmunly SMS-leriň meşhurlyga eýe bolmagyny “agyr kynçylyk döwründe adamlaryň dini duýgularynyň möwjemegi bilen düşündirse bolar” diýip, bu mesele boýunça öz şahsy garaýyşlaryny beýan edýärler.