Türkmenistanyň çar künjeginde daşary ýurtlardaky türkmen migrantlaryny ýurda dolamak boýunça geçirilýän çäreler dowam edýär. Häkimiýetler “köne pasportly” raýatlaryň pasportlaryny üç hepdäniň içinde täzeläp bermegi wada berýär. Olar daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozan raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejekdigini gaýtalaýar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 11-nji iýunda maglumat berdi.
Читайте также на русском
“Migrantlary yzyna, watana dolamak barada geňeşliklerde duşuşyklar dowam edýär. Yzyna dolanan adamlara üç hepdede täze pasport çykaryp bermek, Migrasiýa hakyndaky kanuny bozan adamlary jogapkärçilige çekmezlik wada berilýär” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Ýatlasak, bu ugurda häkimiýetleriň görýän çäreleri ýaňy ýakynda güýjürgäp ugrapdy. Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozup, ýurda girip-çykmak üçin zerur bolan biometriki pasporty wagtynda almazdan, köne pasportlary bilen uzak wagtdan bäri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlaryna Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirimlilik ediljekdigi, olar ýurda dolanan halatynda hiç hili jogapkärçilige çekilmejekdikleri barada Azatlygyň biri-birinden garaşsyz iki çeşmesi 6-njy iýunda habar beripdi.
“[Bu meselede] prezidentiň karary barada gürrüň edilýär. Ýöne henize çenli resmi metbugatda bu barada dil ýarylmady” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
“Ýokardan migrantlary nädibem bolsa ýurda getirmek barada görkezme berlipdir. Ene-atalar bilen gürrüňdeşlikler geçirilýär. Olardan çagalaryny, agtyklaryny yzyna, ýurda çagyrmak soralýar. Migrantlaryň ýurda dolanmaga gyssanmaýandyklaryny görýän häkimiýetler olaryň dogan-garyndaşlaryna basyşy güýçlendirýär” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de ol ýetiren maglumatynda, maşgala agzasy daşary ýurtda migrant bolup, özi döwlet edarasynda işleýän býujet işgärlerine işden kowmak haýbatynyň atylýandygyny, eger-de maşgalanyň daşary ýurtdaky agzasy ýurda dolanmasa munuň netijeleriniň agyr boljakdygynyň olara duýdurylýandygyny habar berdi.
“Şu zatlar Türkmenistanyň ähli künjünde bolup geçýär. Balkan we Lebap welaýatlaryndaky kärdeşlerim bilen habarlaşdym. Olaryň sözlerine görä, häkimiýetler migrantlaryň maşgalalaryna gürrüňdeşlige barýar, käwagt gowulyk bilen soraýarlar, soň gorkuzyp başlaýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanly migrantlar eklenç gözleginde esasan Türkiýä ýykgyn edýärler. Türkiýede köne pasport bilen bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň anyk sany mälim däl. Ýöne Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň hasabatlarynda, diňe 2016-njy we 2017-nji ýyllarda ýurtda kanuny ýagdaýda hasaba alnan türkmenistanly raýatlaryň sanynyň 30 müň töweregindedigi mälim edilýär.
Ýurtda ykdysady ysgynsyzlyk höküm sürýär diýilýän wagty, daşary ýurtda gazanç edip, maşgalasyny ekleýän türkmenistanlylary ýurda dolamaga synanyşmagyň aňyrsyndaky maksadyň anyk nämedigi nämälimliginde galýar. Ýöne Azatlygyň Türkiýedäki türkmen diasporasynyň wekilleri bilen geçiren gürrüňdeşliginden mälim bolşuna görä, türkmen hökümetiniň özüniň daşary ýurtdaky raýatlary babatda etjek eglişigi türkmen migrantlarynyň arasynda uly gyzyklanma döreder.
Şol bir wagtyň özünde, hazirki wagtda Türkiýede ýaşaýan käbir türkmenistanly migrantlar 10-njy iýunda Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” gepleşiginde eden çykyşlarynda türkmen häkimiýetleriniň “sözlerine ynamsyz, şübheli garaýandyklaryny” yglan etdiler.
“Islendik hökümet öz raýatynyň gözünde awtoritetini ýitirensoň, oňa ynanyp bolmaýar” diýip, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly Nargiz bu meselede öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdi.
“Eýsem, migrantlar ýurda dolanarmy?” diýen sorag boýunça, Stambulda maşgalasy bilen ýaşaýan türkmenistanly zähmet migranty Arslan: “Hiç kimem gitmez görersiňiz!” diýip, häzirki şertlerde akylly adamyň bu çagyryşlara eýerip ýurda dolanmajakdygyny aýtdy.
“Men-ä ynanmaýaryn. [Olar] aldap halky yzyna getirjek bolýar, sebäbi [Türkmenistanda] oba hojalykda işläre adam galmady” diýip, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrant zenan Maýa Azatlyga gürrüň berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynda agzalýan “geçirimlilik” karary barada gürrüň edilmeýär.