Hökümet daşary ýurtlardaky ‘köne pasportly’ türkmenistanlylara ‘geçirimlilik eder’ diýilýär
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozup, ýurda girip-çykmak üçin zerur bolan biometriki pasporty wagtynda almazdan, köne pasportlary bilen uzak wagtdan bäri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlaryna Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirimlilik ediljekdigi, olar ýurda dolanan halatynda hiç hili jogapkärçilige çekilmejekdikleri habar berilýär.