Eýran Türkmenistany tranzit ýükleri üçin gümrük paçlaryny ýatyrmaga çagyrýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Eýranyň prezidenti Hassan Ruhani bilen duşuşýar. Arhiw suraty

Eýranyň ýollara we ulaglara gözegçilik edýän guramasynyň başlygy Abdolhaşem Hassaniýa Türkmenistanyň ilçisi Ahmet Gurbanow bilen duşuşyk mahalynda Aşgabadyň bir taraply ýagdaýda Eýranyň ýük maşynlary üçin gümrük paçlaryny ýokarlandyrmagyndan nägilelik bildirdi diýip, Eýranyň IRNA habar gullugy 4-nji iýunda habar berdi.

Hassaniýa gümrük paçlarynyň 50 prosent ýokarlandyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky tranzit gatnawynyň kemelmegine getirjekdigini aýdyp, Türkmenistany bu paçlary ýatyrmaga çagyrdy.

Owgan mediasynyň maý aýynda beren maglumatyna görä, Türkmenistan Owganystan üçin gümrük paçlaryny 50 prosent kemeltdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan demirýollaryň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, köprüleriň gurluşygyna uly üns berýär we sebitde transport gatnawlarynyň özboluşly merkezine öwrülmegi maksat edinýär.