Stambulda türkmen ‘gara banklary’ Türkmenistanyň kartlaryndan pul çekip berýär

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň banklary bilen arabaglanyşyklydygy öňe sürülýän adamlaryň Stambulyň Aksaraý tramwaý duralgasynyň ýanyndaky "Deniz otel“ atly myhmanhananyň öňünde migrantlaryň bank kartlaryndan pul çekip berýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmen zähmet migrantlarynyň ýetiren maglumatyna görä, Türkmenistanda bank kartlary bilen daşary ýurtlarda nagt we nagt däl amallaryň amala aşyrylmagyna yzygiderli ýagdaýda girizilýän çäklendirmeleriň fonunda, Stambulda hereket edip başlan "türkmen gara banklary” häzir islän raýatyň bank kartyndan tölegli ýagdaýda hiç hili päsgelçiliksiz pul çekip berýärler.

Şeýle ýagdaýa şaýat bolan badyna Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmen zähmet migrantlaryndan Arslan, Aksaraýda türkmenistanlylaryň düşleýän we haryt alyş-çalşygyny ýola goýýan "Deniz otel“ atly myhmanhananyň öňünden geçip barýarka, ol ýerdäki adamlaryň özüne türkmençe "kartdan pul çekýäris, ellä sekiz“ diýip aýdan sözüne ilki bada düşünmändigini nygtaýar.

"Stambulyň Aksaraý tramwaý duralgasynyň ýanyndaky ‘Deniz otel’ myhmanhanasynyň öňünde Türkmenistanyň banklarynyň kartlaryndan pul çekilýän terminal enjamly alty sany aýally-erkekli adamlar otyr puldan doly sumkalary bilen. Olaryň biraz beýleräginde bolsa, resmi geýnüwli semiz bir türkmenistanly adam olary synlap dur. Maňa türkmençe bank kartyndan pul çekip bermegi teklip edeni üçin olaryň ýanyna öwrülenimde, puldan doly birnäçe sumkany we onuň içinde hem türkmen banklarynyň kartdan pul çekýän terminal enjamlaryny gördüm. Olar maňa islendik türkmen bank kartyndan näçe gerek bolsa şonça pul çekip berýändigini we munuň üçin hem her 50 amerikan dollaryndan 8 dollar araçy tölegini, ýagny komissiýa alýandygyny düşündirdi. Men olara ‘Hany Türkmenistanyň bank kartlaryndan daşary ýurtda pul çekip bolanok-da?’ diýip soranymda, olar maňa ‘Biziň üçin problema ýok’ diýdiler” diýip, türkmen zähmet migranty Arslan Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Stambulda "türkmenistanly gara banklaryň” hereket edýändigini Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmen zähmet migrantlary bilen bir hatarda ol ýerde ýaşaýan aktiwist Rozubaý hem tassyklaýar.

Rozubaý, Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, Stambulda türkmenistanly raýatlaryň bank kartlaryndan pul çekip berýän "türkmen gara banklaryny” hut özüniň hem baryp görendigini we birnäçe tanşynyň hem olardan öz puluny nagtlaşdyrandygyny aýdýar.

"Aksaraý tramwaý duralgasynyň golaýyndaky türkmenleriň düşleýän ‘Deniz otel’ atly myhmanhananyň aşagyndaky walýuta çalyşýan ofisleriň ýanynda türkmenistanly ‘gara banklaryň’ işgärleri durlar. Olar türkmen banklarynyň kartlaryndan elindäki terminaly bilen türk lirasy görnüşinde pul çekip berýärler we isleýän adamyna-da walýuta çalyşýan ofisleriň nyrhyndan ol puly dollara öwrüp durlar. Stambuldaky zähmet migrantlarymyz ýa-da daşary ýurda bank kartyndan pul çekdirmäge gelýän raýatlarymyz gönümel şolaryň ýanyna barýarlar we tölemelisini töläp, pullaryny nagtlaşdyrýarlar” diýip, Rozubaý Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlary ýurduň ilaty üçin milli puly daşary ýurt walýutasyna öwürmek boýunça esasy mümkinçilikleriň biri bolmagynda galýar.

Resmi düzgüne görä, Türkmenistanyň içinde türkmen manadynda resmi kurs boýunça hasaba goýulýan puldan soň ýurduň daşynda peýdalanyp bolýar. Emma geçen ýylyň aýagyndan bäri türkmen banklary öz müşderilerine ýurduň daşynda nagt pul çekmäge ýa-da kart arkaly hasaplaşmaga rugsat beren möçberini çürt kesik azaltdy. Köp halatlarda VISA we Mastercard töleg kartlary işlemeýär we puluň resmi taýdan göz öňünde tutulýan mukdary müşderilere elýeterli bolmaýar.

2017-nji ýylyň dekabr aýynda Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň VISA kartlary boýunça tölegleri petikländigini habar beripdiler. Şu ýylyň aprel aýynda türkmen banklarynyň käbir müşderileri MasterCard kartlaryndan hem ýurduň daşynda pul çekip bilmeýändigini Azatlyga aýdypdylar.