Tuhbatullin: Türkmenistanda tebigaty goramak meselesi iň soňky orunlarda durýar

Jebel görnüşi

Türkmenistanyň prezidenti Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli bu ulgamyň işgärlerine gutlagyny çap etdi.

Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatynda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen metbugatynda çap edilen gutlagynda aýdylýar.

Emma ýerli synçylar, şol sanda aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew we Wenada ýaşaýan tebigaty goraýjy aktiwist Farid Tuhbatullin Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesinde aýdylýan sözler bilen edilýän işleriň başgadygyny, olaryň arasynda uly tapawudyň bardygyny öňe sürýärler.

Mysal üçin, Balkan welaýatynyň Çeleken şäherindäki Gurum zawody işleýän wagtynda Çeleken şäheri-de, Çeleken ýarymadasy-da tutuşlygyna guruma gaplanýar diýip, ýerli ýaşaýjylar habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen ykdysadyýetini dürlüleşdirmegiň çäginde ýurtda barha kän senagat kärhanasyy gurulýar we hökümet mejlislerinde olaryň dünýä ölçeglerine laýyk, ekologiýa taýdan zyýansyz işlemegi üçin zerur tagallalaryň görülýändigi aýdylýar.

Ýöne ýerli ýaşaýjylar üç-dört ýyllykda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň golaýynda, Mollagara şypahanasynyň alkymynda gurlan sement zawodynyň bu aýdylýan sözleri ýalana çykarýandygyny aýdýarlar.

Balkan welaýatynda ýygy-ýygydan saparda bolýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, Jebelde gurlan sement zawodynyň, Uly Balkan dagyndaky zement karýeriniň çal tüssesi we tot-tozany diňe Jebel şäherçesi bilen Mollagara däl, eýsem golaý goltumdaky beýleki ilatly nokatlara, Nebitdaga hem baryp ýetýär.

Sowet ýyllarynda Aşgabat töwereginiň ilaty Büzmeýinde gije-gündiz howa sement tozanyny pürküp duran zawoddan dat ederdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda adamlary tot-tozandan halas etmek, daşky gurşawyň goragyny, howanyň arassalygyny gowulandyrmak maksady bilen, Büzmeýiniň sement zawody Bähärdeniň Ýarajy obasynyň golaýyna göçürildi.

Elbetde, bu çäre büzmeýinlileri sement tozanyndan halas etdi, emma onuň turbalary şol öňküsi ýalytozap dur wezawoddan günbatarda ýerleşýän “Ýylysuw” şypahanasyna, Arçman şypahanasyna sement tozany barýar diýip, ýerli ýaşaýjylar habar berýär.

Türkmenistanda tebigaty goramak bilen meşgullanan Farid Tuhbatullin Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde özünň daşky gurşawy goramak, howanyň, suwuň, ýeriň arassalygyny we ýaşaýyş üçin howpsuz bolmagyny üpjün etmek meselesinde aýdylýan sözler bilen däl-de, edilýän işleriň netijesi bilen gyzyklanýandygyny belledi.

Berdimuhamedow häkimiýet düýn gelenok, ol indi 11 ýyl bäri tagtda otyr, emma ozaly ekologiki problemalardan ejir çekýän halky saglygy meselesinde oňyn özgerişlik ýok, biziň maglumatlarymyza görä bu ýagdaý gowulaşmakdan geçen, barha erbetleşýär, ol bu ýagdaýy ozalky saglyk işgäri hökmünde örän gowy bilýär” diýip, Tuhbatullin aýtdy.

Hukuk goraýjynyň pikirine görä, prezidentiň, aýdaly, Daşoguzda adamlaryň ýaşaýan jaýlaryna arassalanan suw eltiljekdigi baradaky beýanatlary, emma bu wadanyň iş ýüzüne geçmezligi türkmen häkimiýeleriniň aýdýan sözleriniň diňe metbugat we daşary ýurtlular üçin aýdylýandygyny, hakykatda adamlar üçin hiç zadyň edilmeýändigini görkezýär.

Men eýýäm ençeme gezek aýtdym, bu prinsipde milli howpsuzlyk pudagyna degişli, tehnogen heläkçilikleri, ekologiýa betbagtçylyklary bilen Milli howpsuzlyk ministrligi hem meşgullanmaly, emma bu gurama esasan özleriniň häkimiýetlere ygrarsyz hasaplaýan adamlaryny gözleýär we türkmen häkimiýetleri üçin tebigaty goramak iň soňky orunlarda durýar” diýip, tebigaty goraýjy Tuhtabullin Azatlyk radiosyna aýtdy.