Türkmen häkimiýetleri tigir gününiň öňýanynda ilatdan pul toplaýarlar. Türkmenistanyň döwlet sport komiteti Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň üsti bilen dilden görkezme ýaýradyp, 3-nji iýuna bellenen tigirli ýörişiň öňünden sport mekdepleriniň müdirlerine tigir, sport geýimleri, baýdajyklar we tigir nasoslary üçin pul toplamagy tabşyrdy diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Читайте также на русском
Türkmenistanyň prezidentiniň aprel aýynyň ortasynda yglan eden kararyna görä, mundan beýläk 3-nji iýunda ýurtda tigir güni bellener.
Bu ýagdaýda tigirleriň, sport geýimleriň we beýleki esbaplaryň bahasy hem ýokarlanýar.
"Häzirki wagtda tigir 700 we 900 manat aralygynda durýar, geýimler 150-200 manat. Puly trenerlerden toplaýarlar. Talap edilýän tigirleriň sany 5-9 aralygynda. Hususan-da, futbol mekdebinden 9 sany tigir, küşt mekdebinden 5 tigir talap edilýär. Her mekdepden 15 we 20 sany sport geýimini talap edýärler. Şeýle geýimleri her ýyl täzeden satyn almaly. Könesi dabaralar üçin bolmaýar. Ortaça hasapdan her trener 500 manatdan tabşyrmaly. Mundan daşary her trenerden nasos üçin 30 manatdan toplaýarlar", - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdar.
Azatlyk Radiosy pul toplamak boýunça habar berilýän bu karar barada Türkmenistanyň sport resmilerinden resmi maglumat alyp bilmedi.
Köpçülikleýin tigirli ýörişler soňky ýyllarda Türkmenistanyň paýtagtynda däbe öwrüldi. Häkimiýetleriň guramaçylygynda we okuwçylaryň, döwlet işgärleriň müňlerçesiniň gatnaşdyrylmagynda geçirilýän şeýle sport çärelerine köplenç ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar.
Adatça tigirler we geýimler gatnaşyjylaryň öz hasabyna, ýa-da olary ugradan edaranyň hasabyna üpjün edilýär. Şol bir wagtda-da, tigirli ýörişleriň gatnaşyjylary tigirleri we beýleki zerurlyklary özbaşdak satyn almaga rugsat berilmeýändigini, olaryň satyn alynmagynyň pul tabşyrylyp araçylaryň üsti bilen guramalaşdyrylýandygyny we munuň köplenç has gymmada düşýändigini aýdýarlar.
"Bazarda kiçi nasoslar 20 manada, ululary 30 manada durýar. Şunça köp nasosyň nämä gerekdigi düşnüksiz. Trenerler her bir ýokarda duranyň girdeji aljak bolýandygyny çak edýärler. Tigirler yzygiderli satyn alynýar. Olaryň bir bölegi sport komitetlerinde galýar. Beýlekileri sandan çykýar. Sebäbi ozalky ýyllarda ýokary bahadan pes hilli tigirler satyn alypdy we olar bir gezek üçindi. Şeýle biznes edildi" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri sport mekdeplerinde pul toplanmagynyň işgärleriň arasynda nägilelik döredendigini aýtdy.
"Sport gämisindäki gozgalaňy gandbol we basketbol mekdepleriniň aýal trenerleri döretdi" diýip Azatlygyň çeşmesi belleýärler we şeýle dowam etdirýär: "Olar 1200 - 1300 manat möçberdäki aýlyklaryndan 500 manat puly tölemekden ýüz öwrüp, döwlet sport komitetine kollektiwleýin hat ýazdylar. Olaryň köpüsi öz çagalaryny ýeke terbiýeleýärler. Üstesine, munuň öňüsyrasynda olardan mejburyýet bilen gazet-žurnallar üçin 100 manat toplap aldylar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler protest bildirenleriň arzasyny ýyrtypdyr, şeýlelikde pul tabşyrmak meselesi açyklygyna galypdyr.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet tarapyndan guramalaşdyrylýan çäreler, şol sanda sport çäreleri üçin ilatdan pul toplamaklyk däbe öwrüldi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köplenç ýurtda geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleriniň inisiatory bolup çykyş edýär. Şeýle-de, döwlet baştutany sagdyn durmuşy propaganda edýär we köpçüliginiň öňünde dürli sport görnüşlerinde ýygy-ýygydan çykyş edýär. Döwlet telewideniýesi Berdimuhamedowyň tigirli, atly, awtoulagly ýaryşlarda birinji bolandygyny we beýleki sport görnüşlerinde üstünlikli çykyş edýändigini habar berip durýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar