"Ýimpaş" sökülýär
Aşgabatda öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girjek sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy.
1999-njy ýylda açylan “Ýimpaş” söwda merkezi we onuň ýanyndaky täjirçilik merkezi türkmen häkimiýetleri tarapyndan 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ýapylypdy.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şonda türkmen häkimiýetleri “Ýimpaş” söwda merkeziniň we täjirçilik merkeziniň türkiýeli resmilerini türk dini ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplady.Emma bu aýyplamalar türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç haçan resmi derejede yglan edilmedi, ýöne inkär hem edilmedi.
1999-njy ýylda açylan “Yimpaş” söwda merkezi 20,000 m2 ýapyk meýdanda ýerleşýär. 2007-nji ýylda ulanyşa berlen “Yimpaş Täjirçilik” merkezi 18,000 m2 meýdany eýeläp, onda jemi 64 sany daşary ýurt we ýerli şereketleriň edaralary ýerleşýärdi.
Söwda merkez alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedi.
Sökülen gurluşyk enjamlarynyň arzan bahadan satyn alnyp, ýurduň beýleki künjeklerine äkdilýändigi barada hem maglumatlar bar.
. Sekiz gatly “Ýimpaş” täjirçilik merkezinde Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ozalky “Ýimpaş” söwda merkeziniň jaýynda bolsa, sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.