Berdimuhamedow ykdysadyýet ministrine käýäp, 'uzak ýaşlylar' barada gepleşik taýýarlamagy tabşyrdy

Daşoguz, fewral, 2018. Kepek nobaty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýet ministrine berk käýinç berip, zähmet haklarynyň artdyrlmalydygyny ýatlatdy we ýurtda uzak ýaşly adamlar barada tele-radio gepleşikleriniň taýýarlanylmagy, makalalaryň çap edilmegi barada tabşyryk berdi.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, “uzak ýaşly adamlaryň köp bolmagy ýurduň abadançylygyny, parahat, asuda, bagtyýar durmuşy alamatlandyrýar”.

Ministrler kabinetiniň 25-nji maýda, wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarowyň hasabaty diňlendi.

Ol 13-17-nji maý aralygynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri üçin Ykdysady hem-de durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň Tailandda geçirilen 74-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlisde Aziýa - Ýuwaş ummany sebitinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşdyldy diýip, TDH ýazýar.

Ýöne Bazarowa berlen berk käýinç bilen Tailandda geçirilen mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň, hususan-da durnukly özüş maksatlaryny ýerine ýetirmegiň arasynda nähili baglanyşygyň bardygy aýdyň bolman galýar.

Emma bu käýinjiň Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhlarynyň 22 manatdan aşyp, azyk harytlarynyň barha gymmatlaýan wagtyna gabat gelmegi prezidentiň öz maliýe we ykdysadyýet ministriniň işinden näme üçin nägiledigini çaklamaga belli bir esaslary bermän hem duranok.

TDH-nyň gysgaça düşündirişine görä, ministre “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” käýeldi.

Şeýle-de Bazarowa “ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin” soňky gezek duýduryş berildi. Şol bir wagtda, adat bolşy ýaly, resmi habarda ministriň işde goýberen “düýpli kemçilikleri” anyklaşdyrylmaýar.

Ikinji tarapdan, Berdimuhamedow mejlisde 2019-njy ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy barada gürrüň edip, “raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyna” gönükdirilýän serişdeleriň artdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Ýerli synçylar Türkmenistanda soňky on ýylda millionlarça dollara durýan uly gurluşyk proýektlerine milliardlarça dollar serişde goýberilendigini, şol bir wagtda ilatyň eklenç mümkinçilikleriniň ýokarlanmandygyny, şol bir wagtda-da ilata berlen sosial ýeňillikleriň ýatyrylyp, harytlaryň we hyzmatlaryň onlarça esse gymmatladylandygyny, iş ýerleriniň gysgaldylýandygyny, netijede adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň barha peselýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de synçylar Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar netijesinde iş orunlarynyň yzygiderli gysgaldylýandygyny, durmuşyň barha we çalasyn gymmatlaýan wagtynda zähmet haklarynyň ýylda bary-ýogy 10 prosent ýokarlandyrylýandygyny belleýärler.

Bu ýagdaý barha kän raýaty daşary ýurtlardan iş gözlemäge mejbur edýäne meňzeýär. Emma muňa garamazdan, resmi Aşgabat işsizligiň derejesi, ýurtda garyplyk derejesinde ýaşaýan adamlaryň sany, daşary ýurtlardan iş gözleýän raýatlaryň köpelişi barada maglumat çap etmeýär.