Berdimuhamedow 'ýetişmedik hasyly' ýitgisiz ýygnamak üçin komissiýa döretdi

Ahal, bugdaý ekilen meýdan. 2017 ý.

Türkmenistanda gurak gelen 2018-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi. TDH-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidentiniň 21-nji maýda gol çekenkarary ýetişdirilen galla hasylynyňýitgisiz ýygnalmagyny we gallaçylar bilen wagtynda hasaplaşylmagyny maksat edinýär.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan daýhanlar bu ýyl ýurduň galla meýdanlarynda gögeren bugdaýyň ýeterlik boý almandygyny weamerikan kombaýnlarynyň oragyna ilmejekdigini aýdýarlar.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri ýylyň gurak gelýändigini geçen ýylyň oktýabr, dekabr aýlarynda, bugdaý ekilýän wagtynda habar berdiler, şol bir wagtda-da bugdaýyň ozal suw tutulan, şüdügär edilen ýerlere ekilmän, küpürsäp ýatan gurak meýdana ekilendigi, ýaplara goýberilmeli suwuň bolsa iki aý çemesi gijikdirilýändigi hakynda habarlar gowuşdy.

Türkmenistan geçen ýyl planlaşdyran 1 milllion 600 müň tonna bugdaýynyň diňe 1 million tonnasyny ýygnady we bu ýadaý ýurtda un gytçylygyna alyp geldi. Emma prezidentiň ýurtda azyk üpjünçiligi boýunça ýörite komissiýa döredendigine garamazdan, gurak gelen ýylyň bugdaý hasylyny halas etmek ýa bugdaý ekilen meýdanlary kanaldan ýa suw howdanlarynda toplanan suwdan suwarmak boýunça edilýän işler barada hiç bir zat aýdylmady.

Şol bir wagtda, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden, Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket etraplarynyň ekin meýdanlarynda gögeren bugdaý häzir juda göýdük görünýär.

Azatlyk radiosy bilen gürrüňdeş bolan daýhanlar hem bu ýyl bugdaýyň göýdük bolandygyny, bugdaý sümmülleriniň boýunyň amerikan kombaýnlarynyň oragyna ýetmejekdigini, üstesine bugdaý hoşalarynyň sanynyň hem örän azdygyny aýdýarlar.

“Hökümet tarapyndan bellenilen plan-borçnama esasynda bugdaý planyny dolmajagymyz ýylyň başyndan hem bellidi, emma biz indi ekiş üçin ulanylan tohum, tehnika, dökün diýen ýaly zatlar boýunça hasaplaşyk geçirmeli we bu berginiň aşagyndan nädip çykjagymyzy alada edýäris” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan gökdepeli daýhan aýtdy.

Öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, daýhanlar bergili çykyp, ulanan tohumlary, dökünleri, tehnikalary we suwlary üçin hökümet bilen hasaplaşyp bilmeseler, bergilerini öz emläkleri, mal-garalary bilen üzmeli bolýarlar.

Türkmen prezidentiniň galla oragy barada gol çeken kararynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek, ýygnalan bugdaý hasylyny ýitgisiz daşamak barada aýdylsa-da, bergili çykan daýhanlar bilen nähili hasaplaşyljakdygy agzalmaýar.

Munuň üstesine, Daşoguzdan gowşan maglumatlara görä, ýurduň demirgazyk welaýatyndaky ýangyç guýujy stansiýalarda ýangyç gytçylygy döredi.

“Şu ýylky gowaça ekiş möwsüminde welaýatyň oba-hyzmat kärhanalarynda dizel ýangyjy ýetmezçilik etdi. Oba-hojalyk we kommunal hyzmat tehnikalary 15 günden bäri işlemeýär. Ekin meýdanlarynda gowaça ekişi bökdelýär. Ýol gurluşyk, un zawodlarynyň işi hem togtady. Döwlet awtobuslary welaýatdaky ähli gatnawda hyzmat etmeýär” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi aýtdy.

Türkmenistanda galla, pagta hasylyny ýetişdirmek bilen bagly problemalar prezident tarapyndan bölekleýin boýun alynýar, emma tejribeli daýhanlaryň öňe sürýän düýpli reformalaryna derek käýinçler, resmileri täzelemek, komissiýa döretmek bilen çäklenilýär.

Mysal üçin, Berdimuhamedow geçen ýyl hem ýurduň ilatynyň sarp etjek bugdaýny ýetişdirmek bilen bagly problemalaryresmilere käýinç bermek, käbir welaýatlaryň we etraplaryňýolbaşçylaryny täzelemek bilen çözmäge çalyşdy.

Emma Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşýän oba hojalyk spesialistleri ýurduň oba hojalygyndaky problemanyň diňe welaýat ýa etrap häkimlerinde däldigini, eýsem sowet döwründen we öňki prezident S.Nyýazowyň ýurt dolandyran ýyllaryndan gelýän ýalňyş syýasat, daýhana ýer we erk berilmezligi, mejbury zähmetiň saklanyp galmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.