Trampyň Owganystan babatyndaky strategiýasy “az öňegidişlik gazandy”

Owgan howpsuzlyk güýçleriniň bir wekili.

Trampyň administrasiýasynyň Owganystan babatyndaky täze strategiýasy “Talyban” söweşijilerine garşy az öňegidişlik gazandy, şeýle-de ýurt, 17 ýyl bäri dowam edýän uruşdan soň, “howply we durnuksyz” bir ýer bolmagynda galýar diýip, hökümetiň gözegçi toparynyň hasabatynda bellenilýär.

Bu hasabatdaky aýdylanlar Pentagonyň owgan güýçleriniň, ABŞ-nyň hemaýaty bilen “Talybana” garşy göreşde “aýgytlaýjy pursady ele geçirendigi” baradaky öňe sürmelerine ters gelýär.

Pentagonyň baş gözegçisiniň, Döwlet departamentiniň we ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentliginiň Senata hödürlän hasabatynda “Talyban” we beýleki jeňçi toparlarynyň amala aşyran hüjümleri getirilýär.

“Talyban” sebitlere gözegçilik etmegini, şeýle-de Kabulda we beýleki sebitlerde hüjümleri amala aşyrmagyny dowam etdirýär” diýip, hasabatda nygtalýar.