Azyk harytlarynyň gytalmagynyň fonunda dükanlaryň öňündäki nobatlar artýar

Aşgabatda azyk dükanynyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar

Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň gün-günden gytalmagy bilen, dükanlaryň öňündäki nobatlaryň hem artýandygyny görse bolýar.

Bu nobatlaryň Aşgabadyň "Hitrowka" hem-de 30-njy etrapçalaryndaky azyk dükanlarynyň öňünde has-da agdyklyk edýändigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ýaşaýjylar ir säherden turup, şekeriň, çigit ýagynyň we unuň nobatlaryna durmaga barýarlar. Entek dükanlaryň açylmagyna birnäçe sagat wagt bar bolanlygy sebäpli ýaşaýjylar baglaryň aşagynda, beton germewleriň üstünde oturyp, dükanyň açylmagyna garaşmaga mejbur bolýarlar.

“Sebäbi nobat belläp öýüňe ýa işiňe gitseň, onda nobatlar bulaşyp, seniň ir turup ukudan galanyň öz zeleliňe bolýar. Şol sebäpli ýaşaýjylar beton germewleriň üstünde oturup garaşýarlar” diýip, hitrowkaly Ogulnar aýdýar.

Ogulnaryň aýtmagyna görä, unuň, şekeriň, esasan hem, “Ahal” ýagynyň satuwda gytalmagy artýar. Aşgabadyň bazarlarynda ozal bir ele 2 kilogramdan berilýän Türkmenistanda öndürilen birinji sortly un indi 1 kilogramdan berilýär.

Döwlet dükanlarynda ozal 1 kilogramynyň bahasy 4 manat 50 teňňe bolan şeker indi 7 manatdan satylýar. Bir litrlik gaplanan “Ahal” ýagynyň bahasy galdyrylmasa-da, ol indi satuwda juda az bolýandygy sebäpli ony islän wagtyň nobata durup hem alyp bolmaýandygyny, Ogulnar sözüniň üstüne goşýar.

Ozal çäklendirme bilen bir ele 2 gapdan berlen bir litrlik gaplanan “Türkmenabat”, “Ak pamyk” ýaly ýaglar hem häzir satuwda tapdyrmaýar. Sebäbi häzir ýag gözleginde Aşgabada gelýän etrap ýaşaýjylarynyň hem köpelýändigini ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

Azyk dükanlarynyň öňündäki nobatlar

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýaşaýan ýakyn garyndaşlarymyzyň birnäçesi etrapda hiç bir görnüşli ýagyň ýokdugny aýdyp, Aşgabada gelip, dükanlara aýlanyp, “Ak pamyk” ýagyndan satyn alyp gitdiler. Olar üçin “Ak pamyk” ýagy hem “Ahal” ýagyndan kem däl. Hiç zat ýok ýerinde saýlap-seçip iýmeklik ýada düşenok diýip, ilatyň ýüzbe-ýüz bolan bu kynçylyklarynyň soňunyň gelmeýändigini Ogulnar aýdýar.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, paýtagtyň azyk dükanlarynda indi mal etleriniň bahasy hem ýokarlanýar.

Aşgabadyň "Gülüstan" söwda merkeziniň et dükanlarynda mal etleriniň 1 kilogramynyň bahasyny 18 manatdan emeli ýagdaýda saklamaga çalşylýan bolsa-da, Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynyň golaýynda açylan “Bereketli” lomaý söwda bazarynda mal etleriniň 1 kilogramy 24 manatdan satylýar.

“Bu bazarda bahalara gözegçilik hem ýok. Hatda mal etleriniň bahasy ýazylyp goýlan ‘senlikler’ hem ýok. Her bir satyjy öz islän bahasyndan satýar. Bazar ‘lomaý söwda bazary’ diýlip atlandyrylsa-da, onda bahalar beýleki bazarlardan ýokary bolmasa aşak däl” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ozal 1 kilogramy 8 manat bolan daşary döwletlerden getirilýän towuk butlary hem satuwda tapdyrmaýan gyt harytlaryň hataryna girdi. Islendik azyk önümleriniň bahasy bolsa ylalaşyp bolmajak ýagdaýda her hepde däl, her günde ýokarlanyp gidip barýar.

“Dat gününe köp çagaly maşgalalaryň, bir hepde mundan ozal 86 manada duran 400 gram agramy bolan ‘Nutrilak’ çaga iýmitiniň bahasy häzir 105 manat. Telekeçiler tarapyndan çagalara niýetlenip öndürilýän 20 teňňeden satylan patraklaryň bahasy häzir 60 teňňä çenli ýokarlandy. Bahalaryň şu galyp durşunda çagalara gum ýalatmaly bolaýmasa” diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.