Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda halkara tiz pul geçirim hyzmatlaryny hödürleýän “Western Union-yň” işi çäklendirildi. Bu barada Azatlygyň çeşmesi 16-njy maýda maglumat berdi.
“Mundan ozal, agzalýan kompaniýaň üsti bilen Türkmenistandan günüň dowamynda 15 dollar möçberinde daşary ýurda pul ugratmaga mümkinçilik berilýärdi. Beýleki tarapdan, Western Union arkaly daşary ýurtlardan Türkmenistana ugradylýan dollar döwlet kursundan, ýagny 3.5 manatdan puluň eýesine gowşurylýar” diýip, Çeşme gürrüň berdi. Azatlygyň ýurduň içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda “gara bazarda” dollaryň bahasy 19-20 manada ýetdi.
Ýatladyp geçsek, ýurda ykdysady ysgynsyzlygyň aralaşmagy bilen Türkmenistandan daşary ýurtlara pul ugratmagyň mümkinçilikleri baryp 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda çäklendirilipdi. Köp sanly türkmenistanlynyň Azatlygyň habarçylaryna gürrüň bermeklerine görä, bu talaplardan esasan daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplary we olaryň ene-atalary täsirlendi.
Hususan-da, soňky aýlarda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly talyplar yzda galan hossarlarynyň özlerine ugradan maddy serişdeleriniň türkmen banklarynda bökdelmegi bilen bagly sebäplerden maliýe kynçylyklaryna sezewar bolýarlar. Keseki ýurtlaryň ýokary mekdeplerinde okaýan aýrybaşga onlarça türkmen talyby dürli döwürlerde Azatlyk bilen habarlaşyp duçar bolýan kynçylyklary hakda gürrüň berdi.
Belläp geçsek, Türkmenistanlylara halkara pul geçirim hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalaryň alyp barýan işlerini çäklendirmek boýunça häkimiýetler 2016-njy ýylyň ilkinji günlerinden başlap dürli talaplary girizdiler.
Şol bir wagtyň özünde, 2016-njy ýylyň iýul aýyndan başlap “Western Union” arkaly daşary ýurtlardan Türkmenistana pul ugratmagyň düzgünleri hem häkimiýetler tarapyndan bekedildi. Şonda Türkmenistandan puly kabul edýän tarap maliýe serişdeleri ugradanyň garyndaşlyk derejesini görkezýän güwanamany, şeýle-de ugradyjynyň bu pullary nädip gazanandygy baradaky aýlyk kepilnamany görkezmäge borçly edildi. Bu ýagdaýdan daşary ýurtlarda zähmet çekip yzda galan dogan-garyndaşlaryna maddy taýdan kömek edýän türkmenistanlylar täsirlendi.
Häkimiýetleriň bu çäklendirme çäreleri halkara synçylaryň Türkmenistan “garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär” diýýän wagtlaryna gabat gelýär.
Halkara pul geçirimleri boýunça gadagançylyklaryň depgininiň güýçlenmegi bilen ilatyň bu ugurdaky zerur bolan talaplary kanagatlandyrylmazdan, täze düzgünler girizilip başlandy. Munuň netijesinde, wagtal-wagtal banklaryň öňünde uzyn nobatlar emele geldi. Mysal üçin, fewral aýynda Azatlyk Radiosyna gelip gowşan bir wideoda Lebap welaýatynda ýerleşýän bir bankyň öňünde dörän basa-baslyklar görkezilýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Hronika Türkmenistan” neşiri 10-njy maý güni “Türkmenbankyň” Daşoguzdaky bölüminde Western Union arkaly daşary ýurda pul ibermek üçin žeton almakçy bolýan adamlaryň nobatynda bir aýalyň aýak astyna düşüp ölendigini 15-nji maýda habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, endamy döwlüp-ýenjilen 50 ýaşlaryndaky aýal huşuny ýitirýär we şol günüň agşamy aradan çykýar.
Öňe sürülýän maglumaty Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçylary tassyklamady, ýöne Azatlygyň gürrüňdeşleri welaýatyň çägindäki Western Union-laryň häzirki wagtda işleriniň çäklendirilendigini habar berdi.
Western Union türkmenistanlylary halkara pul geçirim hyzmatlary bilen üpjün edýän ýeke-täk kompaniýadyr. Şu ýylyň mart aýynda paýtagt Aşgabatda hereket edýän beýleki bir firma, ýagny “Money Gram” ýapylypdy.